Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jakartada suw joşmalarynda azyndan 53 adam öldi


Pakistana gelen sil. Arhiw suraty
Pakistana gelen sil. Arhiw suraty

Indoneziýa häkimiýetleri regionyň paýtagty Jakartada bolan ýer süýşmeleri we sil gelmegi netijesinde 4-nji ýanwarda azyndan 53 adamyň ölendigini aýtdylar.

Halas ediş toparlary tonnalap palçygyň aşagynda galandyr öýdülýän beýleki adamlary tapmak üçin tagalla edýärler.

Aýdylmagyna görä, bu sebitiň onlarça etraby suwuň aşagynda galdy, günorta-gündogar aziýa ýurdy ýagyş möwsümi we derýalaryň joşmagy netijesinde soňky onýyllykdaky iň agyr sil suwlary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Howanyň ýaramazlaşmagynyň dowam etmegi we toguň kesilmegi halas ediş tagallalaryny has-da kynlaşdyrýar diýip, resmiler aýdýarlar.

400 müň çemesi ýaşaýjy wagtlaýyn penahanalara ugradyldy.

Gelýän günlerde hem agyr ýagyş-ýagmyryň dowam etjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG