Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tripolide Liwiýanyň harby mekdebine urlan howa zarbasynda azyndan 28 adam öldi


Tiripolidäki hökümet hüjümde özüni Liwiýanyň milli goşuny diýip atlandyrýan tarapy günäledi.
Tiripolidäki hökümet hüjümde özüni Liwiýanyň milli goşuny diýip atlandyrýan tarapy günäledi.

BMG tarapyndan goldanylýan Liwiýa hökümeti, ýurduň raýat urşunyň gowşamazlygy netijesinde, paýtagt Tripolide harby mekdebe urlan howa zarbasynyň azyndan 28 adamy öldürendigini, onlarça adamy ýaralandygyny aýdýar.

"Tripoliniň harby mekdebine urlan zarba 28 kadeti öldürdi we onlarça adamy ýaralady” diýip, Milli ylalaşyk hökümetiniň Saglyk ministrliginiň sözçüsi Amin al-Haşemi 4-nji ýanwarda aýtdy.

Tipolide ýerleşýän ministrligiň başga bir sözçüsi Malek Merset AP bilen söhbetdeşlikde bu zarbanyň paýtagtyň Hadaba töweregine, şäher merkeziniň günortasyna, söweşleriň aýlap köşeşmeýän ýerine urlandygyny aýtdy.

Ol azyndan 37 adam ýaralandy we golaýdaky hassahanalara alnyp gidildi diýdi.

Tiripolidäki hökümet bu hüjümde özüni Liwiýanyň milli goşuny diýip atlandyrýan tarapy günäledi, emma LMG bada-bat düşündiriş bermedi.

Tripoli aprelden bäri general Halifa Haftar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän güýçler bilen Milli ylalaşyk hökümetini goldaýan güýçleriň arasynda barýan gazaply söweşleriň sahnasyna öwrüldi.

XS
SM
MD
LG