Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Khameneýi Suleýmaniniň jaýlanyş mirasymyna gatnaşdy


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi we prezidenti Hassan Rohani öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň tabydynyň golaýynda doga-dileg edýärler. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi we prezidenti Hassan Rohani öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň tabydynyň golaýynda doga-dileg edýärler. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň Tähranda geçirilen jaýlanyş mirasymy mahalynda, onuň tabydynyň golaýynda doga-dileg etdi.

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýlama harby bölüminiň – “Kuds” güýçleriniň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani 3-nji ýanwarda ABŞ-nyň Bagdad aeroportuna uran zarbasy netijesinde öldürilipdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi Tähranda geçirilen mirasyma on müňlerçe eýranlynyň gelendigini görkezdi.

Suleýmaniniň tabydy, ýurduň dürli künjekleriniň üstünden, onuň dogduk Kerman şäherine çenli äkidiler. Ol 7-nji ýanwarda ýere berler.

Eýran Suleýmaniniň öldürilmegine ar aljakdygy bilen haýbat atdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň bähbitlerine hüjüm edilse, Eýranyň, şol sanda medeni ähmiýetli nyşanalaryna hem zarba uruljakdygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG