Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly amerikalylar ABŞ-Kanada serhedinde ençeme sagat sorag edilendigini aýdýarlar


ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamenti
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamenti

Graždan hukuk jemgyýetleri, resmiler we kanunçykaryjylar geçen hepde soňy Kanadadan ABŞ-a dolanan onlarça eýranlynyň we eýranly amerikalynyň ençeme sagatlap soraga çekilendigi baradaky maglumatlar boýunça arza bilen ýüz tutdular.

Bähbit aramaýan Amerikan-Yslam gatnaşyklary geňeşiniň Waşingtondaky şahamçasynyň maglumatyna görä, Waşington ştatynyň Kanada bilen serhedinde 60 töweregi dürli ýaşdaky eýranly we eýranly amerikaly 10 sagada golaý wagt saklanyp, syýasy garaýyşlary ýaly meseleler boýunça sorag edilipdir. Olaryň pasport, ulag açarlary, akylly telefonlary ýaly emläkleri hem alnypdyr.

Maglumata görä, olaryň käbiri konserte gatnaşypdyr, käbirleri ýakynlaryny görmäge gidipdir, beýlekileri hem lyžada typmaga ýa-da biznes işleri bilen Kanadada bolupdyrlar.

Eýranyň Milli Amerikan Geňeşi ýagdaýlara gözegçilik edýändigini we ýagdaý boýunça Içerki howpsuzlyk departamentine arza ugradandygyny aýtdy.

Bu ABŞ-nyň zarbasy netijesinde ýokary derejeli eýranly komadiriň öldürilmeginden soň, ABŞ we Eýranyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG