Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi Tramyň uruş ygtyýarlyklaryny çäklendirmegi sese goýýar


Spiker Nancy Pelosi harby ygtyýarlyklar rezolýusiýasy baradaky ses berişligiň 9-njy ýanwarda boljakdygyny aýtdy.

Kanun çykaryjylaryň köpüsi özleriniň Ak tamyň ýokary derejeli eýran generalynyň nyşana alnyp öldürilmegi baradaky düşündirişinden kanagatlanmadygyny aýdandan soň, ABŞ-nyň Wekiller öýi prezident Donald Trampyň Eýrana garşy harby çäre görmek ukybyny çäklendirmegi sese goýmagy planlaşdyrýar.

Spiker Nancy Pelosi harby ygtyýarlyklar rezolýusiýasy baradaky ses berişligiň 9-njy ýanwarda boljakdygyny, “Kongres agzalarynyň adminstrasiýanyň Eýrana garşy duşmançylykly herekete geçmek karary we bu meselede strategiýasynyň bolmazlygy babatda çynlakaý, gaýragoýulmasyz aladalarynyň bardygyny” aýtdy.

Bu rezolýusiýa, Kongres uruş yglan edýänçä ýa-da Tährana garşy güýç ulanylmagyna ygtyýar berýänçä, Trampyň ABŞ harbylaryny Eýrana garşy ulanmak mümkinçiligini çäklendirer.

Demokratlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýünde kabul edilip biljek rezolýusiýanyň näderejede netijeli boljagy sorag astynda. Demokratlar bu rezolýusiýa 1973-nji ýylyň Uruş ygtyýarlyklary aktyna laýyk gelýär we eger-de Senatdan hem geçirilse, kanuny hökmany güýje eýe bolar diýýärler.

Respublikanlar bolsa, prezidentiň goluny talap etmeýän teklibiň kanuny güýjüniň ýokdugyny öňe sürýärler. Federal sudlar bu mesele babatda hiç wagt anyk kesgitleme çykarmady. Senata respublikanlar kontrollyk edýär we bu hili rezolýusiýanyň ol ýerde tassyklanmak mümkinçiligi örän az.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG