Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň olimpiýa medalyny alan ýeke-täk zenan pälwany ýurduny terk edendigini aýdýar


Kimia Alizadeh

Eýranyň olimpiýa medalyny alan ýeke-täk zenan sportçysy, öz sözleri bilen aýdylsa, Eýranyň syýasy ulgamyndaky “adalatsyzlyk” we “ikiýüzlülik” sebäpli, ýurduny hemişelik terk edendigini aýtdy.

Ol Eýranyň syýasy sistemasynyň atletleri öz syýasy maksatlary üçin ulanýandygyny we kemsidýändigini öňe sürdi.

"Men salam, hoş gal bilen başlamalymy ýa-da gynaç bildirmeli?” diýip, Kimia Alizadeh 11-nji ýanwarda instagramda ýazdy.

21 ýaşyndaky Alizadeh 2016-njy ýylda Rioda geçen Olimpiýadada taekwondo boýunça bäsleşige gatnaşyp, bürünç medal gazandy. Ol özüniň bu beýanaty nirede edendigini aýtmady, emma geçmişde Niderlandiýada ýerleşmek isleýändigini bildiripdi.

Ol öz beýanatynda "taekwondodan, howpsuzlykdan we bagtdan, sagdyn durmuşdan başga” kän zat islemeýändigini aýtdy.

Ýöne ol mundan beýläk “ikiýüzlülik, ýalanlar, adalatsyzlyk we öwünjeňlik stolunyň başynda oturmajakdygyny” hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG