Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebitiniň lideri wezipesinden çekildi


Abhaz separatist lideri Raul Hajimba,
Abhaz separatist lideri Raul Hajimba,

Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebitiniň lideri Raul Hajimba, regional paýtagt Suhumide tertip dört gün geçirilen protestlerden soň, wezipesinden çekildi.

Ozalky abhaz premýer-ministri Sergeý Şamba Hajimbanyň bu baradaky beýanatyny 12-nji ýanwar güni giçlik prezident rezidensiýasynyň daşynda ýygnanan protestçileriň öňünde okady.

Parlamentiň spikeri Waleriý Kwarçiýa Hajimbanyň çekilendigini tassyklady, şeýle-de “nobatdaky prezidentiň kim bolmalydygy meselesiniň entek kesgitlenmändigini” belledi.

“Bu premýer-ministr bolup biler” diýip, ol Waleriý Bganba salgylandy.

Kwarçiýa regionyň de facto kanun çykaryjy organynyň bu meseläni 13-nji ýanwarda geçirjek mejlisinde maslahat etjekdigini aýtdy.

Khajimbanyň beýanatyndan birnäçe sagat ozal, Suhuma rus prezidentiniň kömekçisi Wladislaw Surkow, şeýle-de Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Raşid Nurgaliýewiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gelipdi.

Gürjüstanyň bölüniji sebitindäki krizis 9-njy ýanwarda, demonstrantlaryň Hajimbanyň adminstrasiýasynyň ýerleşýän binasyna zabt etmegi bilen döredi. Protestçiler onuň sentýabrdaky saýlaw ýeňşiniň galplyk esasynda gazanylandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG