Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain resmileri: Osmaýewe garşy hüjümi gurnamakda aýyplanýan tussag edildi


Adam Osmaýew
Adam Osmaýew

Ukrain resmileri rus häkimiýetleri tarpyndan prezident Wladimir Putiniň janyna kast etmek synanyşygyny gurnamakda aýyplaýan çeçene garşy 2017-nji ýylda edilen hüjümi planlaşdyrmakda şübhelenýäniň tussag edilendigini aýtdylar.

Içeri işler ministr Arsen Awakow 2-nji oktýabrda Adam Osmaýewe edilen hüjüm bilen ilteşikli şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk kişiniň tussag edilendigi barada 12-nji ýanwarda özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Kiýewiň eteginde edilen hüjümde Osmaýew ýaralandy, şeýle-de onuň aýaly Amina Okuýewa öldürildi.

Milli polisiýanyň başlygy Igor Klymenko çeçen jübütine edilen hüjümiň koordinatory ýedi adamdan ybarat toparyň agzasy bolandygyny aýtdy. Klymenko olaryň käbiriniň başga-da adam pidaly iki hüjümi amala aşyrmakda aýyplanyp sentýabrda tussag edilendigini sözüne goşdy.

Oktýabrdaky hüjümden dört aý ozal-da Osmaýew nyşana alnypdy. Şonda özüni fransuz žurnalisti hökmünde tanyşdyran bir rus raýaty Osmaýewe ýaragdan ot açypdy. Şol pursat, Osmaýewiň aýaly hüjümçä garşylyklaýyn ot açyp, ony ýaralapdy.

XS
SM
MD
LG