Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR Hamid Ismailowy Merkezi Aziýa üçin regional direktor wezipesine belledi


Hamid Ismailow, AÝ/AR--nyň Merkezi Aziýa boýunça regional direktory
Hamid Ismailow, AÝ/AR--nyň Merkezi Aziýa boýunça regional direktory

“Biziň Merkezi Aziýa gulluklarymyz soňky wagtlarda özleriniň owal-ahyrda iň netijeli bolan hasabatlarynyň käbirini öndürdi we Hamid Ismailow bu kuwwatlanyşy berkidip, biziň işimizi indiki derejä çykarmak üçin bize goşulmaga razy boldy” diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) aýtdy.

“Bu sebit diýseň çylşyrymly, emma Hamidiň çuň žurnalistik tejribesi we regiona beletligi biziň işimizi strategiki ugur bilen üpjün eder” diýip, Flaý munuň öz kärdeşlerine Merkezi Aziýadaky diňleýjilerini nusgalyk žurnalizm bilen üpjün etmekde zerur bolan goldaw boljakdygyny belledi.

Ismailow Pragadaky AÝ/AR-a Britaniýanyň tele-radiogepleşikler korporasiýasyndan, BBC-den (BBC World Service)gelýär. Ol BBC-de 14 ýyllap Merkezi Aziýa we Kawkaz bölümine ýolbaşçylyk etdi, bu bölüm alty dilde köp sanly platformada sebitiň ondan gowrak ýurduna maglumat berýär.

Soňra ol BBC-niň Ýewropa boýunça ýerine ýetiriji redaktory bolup işledi. Olbaşarnykly habarçy, kyssaçy, şahyr we awtor, ol BBC-niň ilkinji gezek bellenen Ýazyjy-Ýaşaýjysy (Writer-in-Residence) boldy, Orsýetde BBC-niň täze media we podcast başlangyçlarynyň öňüni çekdi.

Ol Merkezi Aziýa dilleriniň ählisinde, munuň üstesine rusça, türkçe we parça hem gürleýär.

Ismailow Merkezi Aziýa boýunça regional direktoryň wezipesini ýerine ýetiren, bu orunda bolan wagtynda ýokary derejede täsirli bolan derňew maglumatlary tapgyryna gözegçilik Wenera Jumataýewanyň (Venera Djumataeva) ornuna geçer. W.Jumataýewa AÝ/AR-nyň sylag gazanan Gyrgyz gullugynyň başlygy wezipesine dolanar.

“Wenerabu möhüm regionda AÝ/AR-nyň rowaçlygy üçinsoňky 10 aýda wajyp wezipäni ýerine ýetirdi” diýip, Flaý aýtdy. “Men onuň şeýle möhüm döwürde bu wezipäni ýerine ýetirmäge taýýar bolmagyna gadyr goýýaryn we onuň mundan beýläk hem biziň işimiziň ilerlemegine goşant goşjakdygyna hoşal” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

AÝ/AR-nyň Merkezi Aziýa bölümi, Gazak, Gyrgyz, Özbek, Täjik we Türkmen gulluklaryny özünde jemlemek bilen, däp bolan we sanly platformalarda elýeterli bolup, dünýäniň iň bir repressiw regionlarynyň birinde professional we garaşsyz habar bermegiň standartlaryny kesgitleýär.

XS
SM
MD
LG