Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Hameneýisi ýykylan uçar babatdaky gahar-gazap arasynda agzybirlige çagyrýar


Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi
Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi ýurtda agzybirlige çagyrdy. Bu çagyryş Eýranyň howa-goranyş güýçleri geçen hepde Ukrainanyň ýolagçy uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny tassyklandan soň möwjän halk gazabynyň arasynda edildi.

Hameneýi 17-nji ýanwarda Tähranyň Mosalla metjidine baryp, sekiz ýylda birinji gezek juma namazyna gatnaşanda eden çykyşynda günbatar ýurtlary “eýranlylary dyzyna çökerjek bolýar” diýdi.

80 ýaşyndaky aýatollanamaza gatnaşyjylara ýüzlenip, ukrain uçarynyň urlup ýykylmagy “biziň ýüreklerimizi ýakan ajy hadysa” diýdi. Ol sözüni dowam etdirip, bu betbagtçylyk Eýranyň baş komandiri Kasem Suleýmaniniň “beýik şehitligine we pidakärligine” kölege salmaly däl diýdi. Suleýmani şu aýyň başynda ABŞ zarbasy bilen öldürildi.

Hameneýi Eýranyň duşmanlaryny uçar ýykylmasyny yslam respublikasyny, Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusyny, şeýle-de ýurduň ýaragly güýçlerini sorag astyna almak üçin ulanmakda aýyplady.

Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň “Boeing 737-800” uçary 8-nji ýanwarda Tährandan asmana galyp, Kiýewe ugranda urlup ýykyldy, onuň bortundaky 176 adamyň ählisi wepat boldy.

Pidalaryň aglaba köplügini Eýranyň we Kanadanyň raýatlary düzdi.

XS
SM
MD
LG