Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada uçar heläkçiliginde ýogalan raýatlarynyň maşgalalaryna maliýe hemaýatyny berýär


Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau
Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau geçen hepde Eýranda urlup ýykylan ukrain uçarynda heläk bolan Kanadanyň 57 raýatynyň, şeýle-de bu ýurtda hemişelik ýaşamaga rugsady bolan 29 raýatynyň maşgalalaryna öz hökümetiniň maliýe hemaýatyny berjekdigini aýtdy.

Trudeau 17-nji ýanwarda eden çykyşynda Kanada bilen bagly pidalaryň maşgalalaryna 25 müň kanada dollarynyň, ýagny 19 müň 122 ABŞ dollarynyň beriljekdigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol Eýranyň hem kompensasiýa tölemegine garaşýandygyny aýtdy.

Trudeau häzirki maliýe hemaýatynyň jaýlanyş çäreleri bilen ilteşikli harajatlary ýapmaga kömek etjekdigini belledi.

Trudeau Eýranyň tölejek maliýe kompensasiýasynyň ählisiniň pidalaryň maşgalalaryna geçiriljekdigini hem sözüne goşdy.

“Men açyk gürlejek. Biz Eýranyň bu maşgalalara kompensasiýa bermegine garaşýarys. Emma, men olar bilen duşuşdym. Olaryň ýene hepdeläp garaşmaga takady ýok. Olara hemaýat häzir gerek” diýip, Kanadanyň premýer-ministri belledi.

XS
SM
MD
LG