Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hameneýini ýaňsa aldy, Tährany ‘Eýrany Ýene-de Beýik Etmäge’ çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ‘masgarabaz’ diýip atlandyranyndan soňra, Tramp özüniň Twitter hasabynda Hameneýe ‘sözlerine juda seresaply’ bolmagy duýdurdy.

“Bu Eýranyň ‘Ýokary Lider’ diýilýäni, ol soňky döwür onçakly Ýokary hem däl, Birleşen Ştatlara we Ýewropa garşy käbir ýaramaz zatlary aýtdy” diýip, Tramp 17-nji ýanwarda Twitterde ýazgy galdyrdy.

“Olaryň ykdysadyýeti çökýär we adamlary ejir çekär. Ol öz sözlerine juda seresaply bolmalydyr” diýip, Tramp belledi.

“Eýranyň – Amerikany gowy görýän – asylly halky özüni sylatjak bolup adam öldürýän hökümete däl-de, eýse raýatlarynyň arzuwlarynyň amala aşmagyna ýardam berjek hökümete mynasypdyr. Eýranyň liderleri ýurdy harabaçylyga barýan ýoldan sowup, terrordan el çekip, Eýrany Ýene-de Beýik Etsinler!” diýip, Tramp twitinde belledi.

Mundan birnäçe sagat öň, Hameneýi ýurtda agzybirlige çagyrdy. Bu çagyryş Eýranyň howa-goranyş güýçleri geçen hepde Ukrainanyň ýolagçy uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny tassyklandan soň möwjän halk gazabynyň arasynda edildi.

XS
SM
MD
LG