Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy ok ýarasyndan ölen halda tapyldy


Georgi Kutoýan
Georgi Kutoýan

Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Georgi Kutoýan Ýerewandaky kwartirasynda öli tapyldy diýip, resmiler aýtdylar.

Derňew komitetiniň sözçüsi Kutoýanyň ok ýaragynyň yzy galan jesediniň 17-nji ýanwarda, şäher merkeziniň demirgazygyndaky ýaşaýyş raýonynda ýerleşýän kwartirasyndan tapylandygyny aýtdy. Ol derňewçiler toparynyň bu ýerde bolanadygyny aýtdy we başga jikme-jiklikleri açmady.

Ermenistanyň Derňew komitetiniň başlygynyň orunbasary Artur Melikian şol gün biraz soň Jenaýat kodeksiniň “özüňi öldürmäge iteklemek” maddasy esasynda jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy.

"Emma bu biziň beýleki ähtimallyklary, şol sanda adam öldürmegi we ýaşyryn öldürmegi derňemek pikirini etmeýändigimizi aňlatmaýar” diýip," Melikian aýtdy. Ol Kutoýonyň depesinden ok geçen halda tapylan ýerinde “40-dan gowrak okuň we peşeňiň tapylandygyny” hem sözüne goşdy.

38 ýaşyndaky Kutoýan Milli howpsuzlyk gullugyna 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli direktor boldy. Bilimi boýunça hukukçy bolup, ol 2011-nji ýylyň başyndan başlap, şol wagtky prezident Serž Sargsýanyň kömekçisi bolup işledi.

Onuň 2016-njy ýylyň fewralynda MHG-nyň başlyklygyna bellenmegi synçylaryň köpüsi üçin geň-taň waka bolup göründi.

XS
SM
MD
LG