Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada ýatlama ýörişine çykanlar Putine garşylyk üçin tussag edildi


Ýörişe gatnaşanlaryň käbiri bu çäräni prezident Wladimir Putiniň teklip eden konstitusiýa üýtgetmelerine garşylygyny bildirmek üçin ulandy.
Ýörişe gatnaşanlaryň käbiri bu çäräni prezident Wladimir Putiniň teklip eden konstitusiýa üýtgetmelerine garşylygyny bildirmek üçin ulandy.

Orsýetiň howpsuzlyk ofiserleri 19-njy ýanwarda Moskwada on ýyldan gowrak öň bir neo-nasis tarapyndan öldürilen aklawçyny we žurnalisti hatyralamaga çykan adamlaryň azyndan 10 sanysyny tussag etdi.

Bu ýöriş aklawçy Stanislaw Markelow we Anastasia Baburowa öldürileli bäri her ýyl geçirilýär, olar 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda rus paýtagtynda atylyp öldürildi.

Emma muňa garamazdan, bu ýyl ýörişe gatnaşan 1500 çemesi adamyň käbiri bu çäräni prezident Wladimir Putiniň 15-nji ýanwarda teklip eden konstitusiýa üýtgetmelerine garşylygyny bildirmek üçin ulandy.

Häkimiýetler olary derrew ýörişden çekip çykardy we polisiýa awtobusyna alyp gitdi.

Aktiwist Konstantin Fokin ýöriş üçin ýygnanyşyk ýerine “Putin, git!” diýen ýazgyly plakat göterip geldi. Ol howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan ýöriş başlanmanka tussag edildi.

Putin halka ýüzlenmesinde rus hökümetiniň içindäki ygtyýarlyklary gaýtadan böljek, 2024-nji ýylda prezidentlik möhleti gutarandan soň özüniň alyp biljek wezipesine has kän ygtyýarlyk berjek teklipleri etdi.

19-njy ýanwardaky ýörişe gatnaşanlar Orsýetiň Konstitusiýasynyň nusgalaryny alyp çykyp, Putiniň tekliplerine garşylyklaryny bildirdiler. Şeýle-de olar rus häkimiýetleriniň syýasy aktiwistleri ýanamaklaryna garşylyklaryny bildirdiler.

XS
SM
MD
LG