Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileri: “Talyban” bir maşgalanyň alty agzasyny öldürdi


Farýap welaýaty. Mina partlanda ýaralanan çagalar. Arhiw suraty
Farýap welaýaty. Mina partlanda ýaralanan çagalar. Arhiw suraty

“Talyban” ýurduň demirgazygynda ýerleşýän bir çet obada bir maşgalanyň alty agzasyny, şol sanda bäbek gyzy öldürdi diýip, owgan resmileri aýtdylar.

“Talyban” bu waka gatnaşygyny inkär etdi we 18-nji ýanwardaky hüjüme şahsy dawa-jenjelleriň itergi berendigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ýerli owgan resmileri 19-njy ýanwarda bu maşgalanyň “Talyban” tarapyndan ölüme höküm edilendigini, jeňçi toparyň olary atyp öldürmezlerinden öň ahlaksyz hereketlerde aýyplandygyny aýtdy.

Farýap gubernatorynyň sözçüsi Jawed Bedaryň tassyklamagyna görä, öldürilen gyz bäbegiň ejesi we ekiztaýy aman galdy, emma ol gyzjagazyň iki aýagy hem amputasiýa edilmeli boldy diýip, Bedar aýtdy.

Bu oba 19-njy ýanwar güni irden owgan howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi we olar aman galan iki adamy hassahana ewakuasiýa etmeklige kömek berdiler.

Bedar “Talybanyň” bu ýere gelen hökümet güýçlerine hem hüjüm edendigini, söweş mahalynda üç talybanyň öldürilendigini aýtdy. Indi “Talyban” Owganystanyň çen bilen ýarysyna kontrollyk edýär.

XS
SM
MD
LG