Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanlylary ganly sowet basyp ýatyryşynyň pidalaryny hatyraladylar


 Baku, 22-nji ýanwar, 1990. Merhumlar jaýlanýar. .
Baku, 22-nji ýanwar, 1990. Merhumlar jaýlanýar. .

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa müňlerçe adam toplandy, olar onlarça adamyň ölümine getiren sowet basyp ýatyrmasynyň 30 ýyllygyny belleýärler.

Ýurduň çar künjeginden gelen adamlar 20-nji ýanwarda Şehitler meýdançasyna toplanyp, kawkaz ýurdunda “gara ýanwar” diýip at alan wakanyň pidalaryny ýatladylar.

Hökümet agzalary, beýleki ýokary derejeli resmiler, daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem ýatlama çärelerine gatnaşdy.

Ýurduň metjitlerinde basyp ýatyrmanyň pidalarynyň hormatyna namaz okalyp, doga-dileg etdiler.

Radio-telewideniýe gepleşiklerinde şowhun-şagalaňly programmalar goýbolsun edildi, Baku metrosynda gamyn saz goýberildi.

1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda, ýurduň garaşsyzlyk hereketiniň sowet azeri hökümetini agdarmak tagallalarynyň öňüni almak üçin,sowet hökümeti Azerbaýjana goşun iberdi. ,

Resmi hasaplamalara görä, bu hadysada Bakuwda 134adam, Nefteçale we Jalilbad şäherlerinde13 adam öldürildi.

Şeýle-de, resmi sanlara görä, basyp ýatyrma mahalynda azyndan 800 adam ýaralandy, bäş adam ýitdi.

XS
SM
MD
LG