Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ukrain uçaryna iki raketanyň atylandygyny tassyklady


Ukrainanyň Boeing 737-800 uçary 8-nji ýanwarda Tähranyň üstünde uruldy.
Ukrainanyň Boeing 737-800 uçary 8-nji ýanwarda Tähranyň üstünde uruldy.

Eýranyň raýat awiasiýa gullugy 8-nji ýanwarda Tähranyň halkara aeroportyndan howa galan ukrain ýolagçy uçaryna iki raketanyň atylandygyny tassyklady. Hadysada uçaryň bortundaky ähli 176 ýolagçy heläk bolupdy.

Gulluk özüniň hadysa bilen ilteşikli ikinji deslapky hasabatynda derňew işleriniň henizem dowam etdirilýändigini aýtdy.

“Resmiler... uçara... Tor-M1 raketalarynyň ikisiniň atylandygyny anyklady” diýip, hasabatda nygtalýar.

Tähran Ukrainanyň Boeing 737-800 uçaryny “niýetsiz” urandygyny boýun aldy. Eýran resmileri regiondaky dartgynlylyklaryň ýitileşen wagty ýurduň howa hüjüminden goranyş güýçleriniň ýokary hüşgärlik ýagdaýyna geçirilendigini aýtdylar.

Eýranyň hasabatynda aýdylmagyna görä, Tähran ABŞ we fransuz resmilerinden uçaryň gara gutularyndaky ýazgylary almak üçin degişli enjamlaryň berilmegini sorapdyr, emma häzirlikçe oňaýly jogap gelmändir.

Kanada, Ukraina, şeýle-de uçaryň bortunda raýatlary bolan beýleki döwletler Eýrandan uçar maglumatlaryny we ses ýazgylaryny beýleki ýurtlaryň derňewçilerine gowşurmagyny soradylar.

XS
SM
MD
LG