Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň täze hökümetiniň düzüminde Lawrow, Şoýgu wezipelerinde galdyryldy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň täze hökümetini belläp, onuň düzüminde esasy resmileri, şol sanda daşary işler we goranmak ministrlerini öz wezipelerinde galdyrdy.

Bu Putiniň ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmegi teklip etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Reformalaryň netijesinde, 67 ýaşyndaky ozalky KGB ofiseriniň dördünji prezidentlik möhleti tamamlandan, ýagny 2024-nji ýyldan hem soňra häkimiýet başynda galmagyna mümkinçiligiň döreýändigi barada çaklamalar orta atyldy.

Putiniň reformalar baradaky geçen hepde eden çykyşyndan soň, sekiz ýyllap Russiýanyň premýer-ministri bolan Dmitriý Medwedew bata-bat wezipesinden çekildi.

Premýer-ministr wezipesine, ozal özi barada kän zat bilinmeýän, Russiýanyň salgyt gullugynyň başlygy bellenildi.

“Biziň esasy maksadymyz ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, döwlet gurluşyny, şeýle-de ýurdumyzyň dünýädäki pozisiýasyny berkitmekden ybaratdyr” diýip, Putin 21-nji ýanwarda täze hökümet bilen geçiren duşuşygynda çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG