Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsar polisiýasy iki russiýalyny içaly bolmakda güman edýär


21-nji ýanwarda Dawosda Bütindünýä Ykdysady Forumy başlandy.
21-nji ýanwarda Dawosda Bütindünýä Ykdysady Forumy başlandy.

Şweýsariýanyň polisiýasy mundan bäş aý ozal Dawosda sorag eden iki russiýalynyň aslynda rus aňtaw agentleri bolandygyny çaklaýar diýip, Tages-Anzeiger şweýsar gazetinde 21-nji ýanwarda çap edilen giňişleýin hasabatda aýdylýar.

Maglumata görä, ellerinde diplomatiki pasportlary bolan şahsyýetler Russiýanyň içalyçylyk operasiýasynyň başlangyç tapgyrynda ekenler.

Russiýanyň Berndäki ilçihanasy şweýsar gazetiniň, 21-nji ýanwarda başlanan Bütindünýä Ykdysady Forumyna gabatlap, “boş ýerden gohy turuzmaga” synanyşýandygyny BBC gullugyna aýtdy.

Şweýsar gazetiniň ýazmagyna görä, polisiýa iki russiýalynyň 8-28-nji awgust aralygynda kaşaň kurort şäherinde galýandygy barada maglumat gowşupdyr.

Haçanda polisiýa gelende, russiýalylaryň biri özüniň wodoprowodçydygyny aýdypdyr. Şol bir wagtda, iki şahsyýet hem diplomatiki pasportlaryny görkezipdirler.

“Bu bir adaty barlagdy. Russiýalylaryň ikisinde-de diplomatiki pasportlary bardy. Emma, olar diplomat hökmünde Şweýsariýada resmi hasaba alynmandylar” diýip, Graubuenden şäher polisiýanyň metbugat wekili AFP gullugyna aýtdy.

“Bize bu barada şweýsar resmilerinden hiç hili maglumat gowuşmady. Içalyçylyk barada hiç bir delil ýok” diýip, rus ilçihanasynyň metbugat wekili AFP agentligine maglumat berdi.

Russiýalylaryň biriniň özüni näme sebäpden wodoprowodçy hökmünde tanyşdyrandygy barada soralanda, rus ilçihanasynyň wekili munuň “samsyk degişme” bolup bilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG