Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý täze wirusyň ýaýrap başlan sebitine barmazlygy duýdurýar


Hytaýda täze raspirator wirusyna 440 adam ýolugdy, şeýle-de ol sebäpli dokuz adam heläk boldy.
Hytaýda täze raspirator wirusyna 440 adam ýolugdy, şeýle-de ol sebäpli dokuz adam heläk boldy.

Hytaý resmileri ölüm howply wirusyň ýaýrap başlan sebiti bolan Wuhana barmazlygy we ondan daşary çykmazlygy duýdurdy.

Hytaýyň 13 welaýatynda täze raspirator wirusyna 440 adam ýolugdy, şeýle-de ol sebäpli dokuz adam heläk boldy diýip, ýurduň Milli Saglyk Komissiýasy 21-nji ýanwarda maglumat berdi.

“Umuman, Wuhana gitmäň. Wuhandakylar siz hem şäherden çykmaň” diýip, komissiýanyň direktorynyň başlygy Li Bin 22-nji ýanwarda aýtdy.

Li 11 million ilaty bolan şähere jandarlaryň hem goýberilmeýändigini aýtdy. Hytaýyň merkezi Wuhan şäherinde täze wirusyň ýaýrap başlandygy barada ilkinji gezek dekabrda habar berildi.

Hytaý resmisi wirusyň goşmaça 149 adama ýokuşandygyny aýtdy. Emma, patogeniň “ýokary derejede ýaýraýandygy” barada entek delilleriň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Emma, täze wirus özgerýär we mutasiýa sezewar bolýar; bu saglyk resmileriniň onuň öňüni almagyna kynçylyk döredýär diýip, Hytaýyň keselleriň öňüni alyş we kontrol merkeziniň baş direktory Gao Fu aýtdy.

Bu aralykda, ABŞ-da täze wirusa ýolugan ilkinji ýagdaý hasaba alyndy. Wirusyň ýaýrap başlan sebitinden 15-nji ýanwarda dolanan bu raýat Seattliň golaýyndaky keselhana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG