Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baturin: Russiýa türkmenistanly kosmonawty türgenleşdirmäge taýýar


Ýuriý Baturin
Ýuriý Baturin

Russiýa Türkmenistana kosmosa ibermek üçin öz astronawtyny türgenleşdirmäge hemaýat bermäge taýýar diýip, Russiýanyň Siolkowskiý adyndaky kosmonawtika akademiýasynyň wise-prezidenti, lýotçik-kosmonawt Ýuriý Baturin aýtdy.

“RIA Nowosti” habarlar gullugynyň 21-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Baturin bu barada Aşgabada eden saparynyň çäklerinde aýdypdyr.

Baturin rus tarapynyň belli ugurlar boýunça, şol sanda dürli ýokary okuw jaýlarynda we kafedralarda hünärmenleri taýýarlap biljekdigini belläpdir.

“Eger-de, Türkmenistan komsosa türkmen kosmonawtyny ibermek islese, biz ony türgenleşdirip bilerdik” diýip, Baturin aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG