Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Senatynda Trampyň impiçment sudynyň dellilleri seljerilip başlanýar


Prezident Donald Tramp Dawosda žurnalistlere özüniň bu impiçment suduna gatnaşmak isländigini, emma aklawçylarynyň muny maslahat bermändigini aýtdy.
Prezident Donald Tramp Dawosda žurnalistlere özüniň bu impiçment suduna gatnaşmak isländigini, emma aklawçylarynyň muny maslahat bermändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Wekiller öýünden bolan derňewçileriň 22-nji ýanwarda Senatda geçiriljek sud seljerişliginde prezident Donald Trampyň baş uran “jenaýatçylyklary we nädürslikleri” üçin wezipesinden çetleşdirilmegi barada öz delilleri bilen çykyş etmekleri bellendi.

Tramp 22-nji ýanwarda, Dawosda žurnalistleriň öňünde gürläp, özüniň bu impiçment suduna gatnaşmak isländigini, emma aklawçylarynyň beýle etmezligi maslahat berendiklerini aýtdy.

Şeýle-de ol öz aklawçylarynyň problemalarynyň bolmajakdygyny, ýagny şeýle pikir edýändigini aýtdy.

Respublikaçylar biraz öň impiçment üçin sud düzgünlerini sese goýdy we onuň haýryna ses berdi, bu düzgünlerSenatdaky köplügiň lideri Mitç Makkonel (Mitch McConnell, respublikan-Kentukki) tarapyndan teklip edildi.

Sud seljerişliginiň umumy düzgünleri 22-nji ýanwarda irden, 53-47 ses hasabynda, respublikanlaryň we demokratlaryň berk partiýa liniýalary esasynda kabul edildi.

Bu düzgünler Wekiller öýüniň we Ak tamyň arasynda Trampy wezipesinden gyraklatmak ýa-da gyraklatmazlyküstünde dörän oňuşmazlygy seljermek üçin alty günlük çekişme mümkinçiligini berýär.

Senat şaýatlaryň görkezmelerine we dokumentleri seljermäge geçmek barada belli bir karara gelmezinden öň, iki tarapyň hem ýuristlerini diňlär.

Düzgüne laýyklykda, Wekiller öýüniň derňewçileriniň we Trampyň kanunçylar geňeşiniň her birine üç günüň dowamynda öz delillerini esaslandyrmak üçin 24 sagat wagt berilýär.

Sud seljerişliginiň düzgünleri sese goýlanda, Senatdaky köplügiň lideri Mitch McConnell (Republican-Kentucky) Wekiller öýüniň Tramp babatdaky derňew faktlarynyň ýazgylarynyň sud seljerişliginden geçirilendigini tassyk etdi.

Emma muňa garamazdan,demokratlar McConnelliň sud seljerişliginiň deliller tapgyry tamam bolmazdan öň şaýatlary diňläp, sud dokumentlerinini görmekden boýun gaçyrmagyna gahar etdiler.

Demokratlar Trampyň häzirki we ozalky ýokary derejeli kömekçileriniň, şol sanda Ak tamyň prezident diwanynyň başlygy Mick Malwaniniň (Mulvaney)we ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň görkezme bermegine çagyrdylar.

Şweçsariýada Bütindünýä Ykdysady forumyna gatnaşýan Tramp 21-nji ýanwarda twitterde, 25-nji iýulda ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefonda eden gürrüňleriniň ýazgysyny nazarda tutup, “Ýazgylary oka” diýip ýazdy.

Tramp bu telefon gürrüňinde Kiýewe öz syýasy bäsdeşini, ozalky wise-prezident Joe Baýdeni we onuň ukrain kärdeşini oňa “eglişik” etmekde derňemek üçin basyş gökerzmekde aýyplandy.

Bu telefon gürrüňi hökümet jürlewüksiçiniň, habardar edijiniň şikaýat arzasyny ýazmagyna we soňra Trampyň Wekiller öýi tarapyndan iki aýyplamada: häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda we Kongrese päsgel bermekde aýyplanmagyna alyp geldi.

Tramp Wekiller öýüniň demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky impiçment derňewini “galp” diýip atlandyrdy we bu iş boýunça geçirilen diňlenişikleri “kengury sudy” ýagny gyssanmaçlykda, çalak-çulak derňew esasynda geçirilýän sud seljerişligi hökmünde häsiýetlendirdi.

Delleri aýtmak başlanansoň, senatorlaryň ýazmaça soraglary berip, degişli suda tabşyrmaklary üçin 16 sagat wagtlary bolar. Şondan soň her tarap, Wekiller öýünden bolan sud menejerleri we prezidentiň aklawçylary delillerini aýtmak üçin iki sagatdan wagt alar.

Bu iş boýunça aklanyş höküminiň çykarylmagy ähtimal, sebäbi esasan respublikanlardan durýan 100 senatoryň içinden ýazgaryş hökümini çykarmak üçin 67 ses zerur.

XS
SM
MD
LG