Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy inguş aktiwistini 16 aý tussaglyga höküm etdi


Ylalaşyga garşylyk görkezýän inguşystanlylar regionyň ýeriniň adalatsyz ýagdaýda Çeçenistana berilýändigini aýdýarlar.
Ylalaşyga garşylyk görkezýän inguşystanlylar regionyň ýeriniň adalatsyz ýagdaýda Çeçenistana berilýändigini aýdýarlar.

Russiýanyň sudy bir inguş aktiwistini Çeçenistan bilen dawaly serhet ylalaşygyna garşy geçen ýyl geçirilen köpçülikleýin ýörişler döwründe polisiýa ofiserine hüjüm etmekde günäli tapyp, onuň düzediş-koloniýasynda 16 aý tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy.

Stawropol Kraý regionyndaky Železnowodsk şäheriniň sudy bu baradaky karary 23-nji ýanwarda yglan etdi.

Magomed Ozdoýew öz günäsini bölekleýin kabul etdi.

Rus kanunçylygyna laýyklykda, tussagyň deslapky tussaghanada geçiren her bir güni düzediş-koloniýasyndaky iki güne deň bolýar. Ozdoýewiň 20-nji fewralda azatlyga goýberilmegine garaşylýar.

Ozdoýew geçen ýylyň martynda Inguşystanyň paýtagty Magasda geçirilen ýowuz ýörişlere gatnaşandygy üçin düzediş-koloniýasyna iberilen dokuzynjy aktiwistdir. Bu ýörişler inguş-çeçen serhet dawasyny sazlamak boýunça 2018-nji ýylyň sentýabrynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda gelnen ylalaşyga garşy geçirilipdi.

Ylalaşyga garşylyk görkezýän inguşystanlylar regionyň ýeriniň adalatsyz ýagdaýda Çeçenistana berilýändigini aýdýarlar. Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow goňşy Inguşystanyň we Dagystanyň işlerine goşulyşmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG