Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti 50 müň adama raýatlyk wadasyny berýär, sowetleriň 'propiska' çäklendirmesini ýatyrmagy teklip edýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew merkezi aziýa ýurduna 1995-nji ýyldan öň göçüp gelen we şu wagta çenli bu ýerde ýaşaýan adamlara raýatlyk bermek wadasyny berdi.

Mirziýoýew 24-nji ýanwarda parlamentde eden çykyşynda bu çäräniň Özbegistanda ýaşaýan 50 müň çemesi adamyň raýatlyk meselesini çözjekdigini aýtdy. Ol bu meseläni öwrenmegi we 1-nji maýa çenli onuň kanuny esaslaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle-de ol ýurduň içerki migrasiýa düzgünlerini liberallaşdyrmak, sowet döwründen bäri gelýän çäklendirmeleri aradan aýryp, regionlaryň ýaşaýjylarynyň paýtagtda işlemek we ýaşamak gadagançylyklaryny ýatyrmak planyny yglan etdi.

"Biziň öz adamlarymyzy 30 ýyl bäri çäklendirip gelendigimiz hakykat” diýip, Mirziýoýew ýüzlerçe müň özbegiň daşary ýurtlardan iş gözlemegine itekleýän praktikalary bes etmäge wagt bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de prezident döwlet edalarynyň işine gözegçilik edýän jemgyýetçilik palatasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, regional häkimler raýatlara öz alyp barýan işleri barada metbugat üsti bilen yzygiderli hasabat bermeli.

XS
SM
MD
LG