Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haşogginiň öldürilişine bagyşlanan dokumental kino ABŞ-da film festwalyna gatnaşýar


Jamal Haşoggi
Jamal Haşoggi

“Washington Post” gazetiniň synçysy Jamal Haşogginiň öldürilişine we Saud Arabystanynyň hökümetiniň bu işi derňeýşiniň jikme-jikliklerine bagyşlanan täze dokumental film ABŞ-daky kino festiwalyna gatnaşýar.

25-nji ýanwarda Ýuta ştatynda görkezilen “Dissident” (The Dissident) filmi Park-sitidäki Sandans (Sundance) kino festiwalyna gatnaşyjalara hödürlenen iň ýokary derejeli eserleriň biri boldy. ​

Braýan Fogeliň (Bryan Fogel) bu eseri onuň Oskar baýragyny utan Ikar filminden soň düşüren ilkinji kinosydy. Ikar (Icarus) Orsýetiň Olimpiýa oýunlaryndaky doping meselesine bagyşlanypdy.

Fogeliň täze kinosynda Haşoggini öldürmek baradaky dildüwşigiň jikme-jiklikleri, Saud Arabystanynyň söz azatlygyny basyp ýatyryşy beýan edilýär.

Filmiň ahyrynda Saud Arabystany bilen işewürlik gatnaşyklary bolan korporasiýalaryň sanawy getirilýär.

Şeýle-de filmde, saud hökümeti bilen ýakyn ýaranlygy, şol sanda 2019-njy ýyldaky ýarag söwdasy üçin, Birleşen Ştatlar hem tankyt edilýär.

Haşoggi 2018-nji ýylyň oktýabrynda, Stambuldaky saud konsullygyndan öýlenmek üçin zerur bolan dokumentlerini alyp gaýtmaga baranda öldürildi.

Merkezi aňtaw agentligi (CIA) onuň öldürilmegini täç geçdiren şazadanyň buýrandygyny anyklady.

Saud hökümeti täç geýdirilen şazadanyň bu işe gatnaşygynyň bolandygyny ret etdi we günäni konsullukdaky “kezzap” resmileriň üstüne ýükledi.

XS
SM
MD
LG