Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Esasy zat — onuň jeza çekmegi". Transgender türmede zorlanandygyny aýdýar


Wiktoriýa Berkhojaýewanyň türme tussaglygyndan öňki suraty. Surat onuň şahsy arhiwinden alyndy.
Wiktoriýa Berkhojaýewanyň türme tussaglygyndan öňki suraty. Surat onuň şahsy arhiwinden alyndy.

Aýallar koloniýasynda transgenderiň garşysyna jynsy zorluk bolansoň, jenaýat işi açyldy. Hadysanyň boldy diýilýän wagtyndan ýarym ýyl geçenem bolsa, ol iş suda berilmedi. Jepa çeken tarap bu ýerde «basyşyň» bardygyny aýdýar.

Transgender-aýal jynsy zorlukda ýörite gullugyň işgärini aýyplaýar. Jenaýatyň bolan ýeri hökmünde, özüniň jeza möhletini çekýän ýeri – umumy düzgünli koloniýany görkezýär. Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri «esktremist» maddasy boýunça türmä hiç bir päsgelsiz girip, ol ýerdäki tussaglar bilen işleşip bilýän eken. Ol jenaýatda şübhe bildirilýän häzir Almatynyň etegindäki derňew izolýatorlarynyň birinde diýen çaklama bar.

Bu iş barada ilkinji gezek 2019-njy ýylyň iýulynda aýdyldy. Şonda adwokat Aýman Umarowa Almaty oblastynyň Žaugaşty posýologyndaky aýallar türmesinde aýal zorlanandygyny aýtdy.

Umarowanyň sözüne görä, onuň goraga alan müşderisi, ýagny jenaýat işinde jebir çeken hökmünde ady geçýän Wiktoriýa Berkhojaýewa derňew işleriniň dekabr aýynda tamamlanandygyny resmi ýagdaýda aýtsa-da, soňra derňew dowam etdi hem netijede material suda geçirilmedi. Jebir çeken tarap bu işiň yza çekdirilmeginiň sebäbini täsirli guramanyň goşulyşmagyndan görýär.

— Olar bar ýere basyş edýärler, derňew organlaryna, belki-de, prokuratura [operatiw derňew toparynyň ýolbaşçylaryna] basyş edýärler. Onuň özi bu barada aýtmasa-da, ýagdaýyň barşyndan basyş edilýändir diýip, men pikir edýän. Olaryň kazyýete basyş etjekleri tebigy zat. Sebäbi biziň sudýalarymyz milli howpsuzlyk komitetinden gorkýarlar – diýip, Aýman Umarowa 9-njy ýanwarda Facebook sahypasynda ýerleşdiren özüniň wideoýüzlenmesinde aýdýar.

Adwokat Aýman Umarowa.
Adwokat Aýman Umarowa.

Umarowa ýüzlenmesinde MHK-nyň ýolbaşçylaryny derňew organlaryna hem-de bu iş boýunça şaýatlara basyş etmezlige çagyrýar.

ZORLANANYŇ EŞIGINDEN ŞÜBHE BILDIRILÝÄNE DEGIŞLI «BIOMATERIAL» TAPYLDY

2017-nji ýylda geçen sud diňlenişiginden soň, Wiktoriýa Berkhojaýewanyň ady habar serişdeleriniň merkezinde boldy. Zorluk ýa-da mejbur edip biriniň zadyny almak bilen baglanyşykly işlere Gazagystanyň sudýalary az seretmeýärler, ýöne bir işe garalanda, ol köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Suduň öňünde öz jynsyny çalşan adam durdy, dokument ýüzünde ol erkek, fiziki tarapdan aýal. Ol saklanyp jenaýata çekilmezden öňinçä, 2016-njy ýylda öz jynsyny çalyşdyrmak üçin, operasiýany başdan geçirdi, ýöne dokumentlerini täzeledip ýetişmedi. (Gazagystanda 2009-njy ýylda jynsyny çalyşmaga rugsat berýän kanun kabul edildi, eger jynsy identifikasiýasynyň bozulmagy dogrusynda medisina komissiýasy tarapyndan «bolýar» diýilse, 21 ýaşa ýetenler operasiýa gidip bilýär.) Suduň barşynda Wiktoriýanyň erkekler türmesine düşmegi mümkin diýip çakladylar. Suduň karary okaljak güni ol täze dokument aldy, şonuň üçinem Žaugaştydaky aýallar koloniýasyna ugradyldy.

— Indi ýaşyrara zat ýok. Öňler köp wagtlap men muny ýaşyryp gezdim, bu meniň şahsy durmuşym. Indi bolsa muny bütin ýurt bilýär, men munda bir utançlyk hem göremok – bu durmuş. 21-nji asyr – tolerantlaryň, başgalara sabyr-çydamly bolmagyň asyry. Mendäki ýagdaý bilen indi hiç kimi geň galdyryp bilmersiň. Menem öz gezegimde bu ýola düşmegimiň sebäbini birine subut etjek bolup duramok, hiç kim meniň ýüregimde näme gopýanyny bilenok. Men özümi şu ýola salmaga zerurlyk duýdum, muňa ökünjim ýok. Munuň özi meniň seksual höwesimiň artandygyny aňlatmaýar. Men aýal, gezip ýören jelep däl. Men öz ýagdaýymy hiç kimiň boýnundan asmak islämok. Munuň bilen hiç wagt özüme bähbit gazanjak bolmadym. Meniň ýagdaýym şu ýere [türmä] düşenimden soň ile ýaýrady – diýip, Wiktoriýa telefonda Azatlygyň habarçysy bilen gürleşende aýdýar.

Wiktoriýa gözenegiň aňyrsyna geçenden soň birnäçe gezek kemsitmelere duçar bolupdyr. Ýöne ony diňlän bolmandyr, indi bolsa ýagdaý başgaça; ol özüniň seksual zorluga duçar bolandygyny aýdandan soň, onuň arzasy herekete geçýär.

Ilki başda ol iş Gazagystanyň jenaýat kodeksiniň 121-nji maddasynyň 2-nji bölümi boýunça «Seksual häsiýetli zorluk hereketiniň birnäçe gezek gaýtalanmasy» diýlip açylýar. Geçen ýylyň oktýabr aýynda MHK-nyň işgäri saklanyp tussag edilýär. Ekspertiza barlaglarynyň netijesine görä, Berkhojaýewanyň eşiginden şübhe bildirilýäne degişli «biomaterial» tapylansoň, ol işe ýene 146-njy, ýagny «Gynamak» («Fiziki hem psihiki taýdan çäresiz bolanyň wezipeli şahs tarapyndan bilgeşleýin zorlanmagy») maddasy goşulýar.

Almaty oblastynyň Žaugaşty posýologyndaky aýallar türmesi. (LA – 155/4 nomerli edara) 2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda düşürilen surat.
Almaty oblastynyň Žaugaşty posýologyndaky aýallar türmesi. (LA – 155/4 nomerli edara) 2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda düşürilen surat.

«GOÝ, OL "DUŞUŞYGA" ARZA BERSIN» ÝA-DA ERKINLIKDEN ÝOLLANÝAN «SALAMLAR»

Wiktoriýa Berkhojaýewanyň tassyklamagyna görä, ol SIZO-da saklanan wagtynyň ahyrlarynda, adamlar oňa «salam» getirip başlapdyrlar.

— Kim suda ýa derňew işine gitse, olaryň ýanyna «çepçi» ýa-da işde durýan gullukçy gelip: “Siz Wika bilen oturýaňyzmy?’ ýa-da ‘Wiktoriýa şu kamerada oturýar, onuň ýanyna baryp aýdyň, goý, ol «duşuşyga» arza bersin, şonda biz ony azat ederis, ony erkinlikde «üçek» (ýörgünlisi «крышa») bilen üpjün ederis, bar zat oňat bolar” diýýärler. Şeýle teklip maňa bäş gezek geldi – diýip, ol aýdýar.

Wiktoriýa ol teklipleri ret edipdir. Ol özüniň merkantil – ownuk höwesiň peýdasyna gitmejegini, pul üçin arzasyny yzyna almakçy däl.

— Esasy zat — onuň jeza çekmegi. Maňa onuň puljagazy gerek däl. Meniň üçin günäkäriň jezasyny çekmegi zerur – diýip, ol belleýär.

Azatlygyň habarçysy şübhe bildirilýäniň adwokaty bilen gürleşmek isledi hem-de derňew organlaryna basyş edilýär diýlen çaklamany tassyklamagyny ýa-da inkär etmegini sorady. Şübhe bildirilýäniň adwokaty öz adynyň hem familiýasynyň köpçülige ýetirilmezligini sorady hem-de Azatlyga kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

TÜRMEDÄKI AÝALLAR – DAŇLAN NAÇARLAR

«Улагатты жануя» jemgyýetçilik fondunyň prezidenti Marianna Gurinanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gözenegiň aňyrsyndaky aýallar daňylgy ýagdaýda. M. Gurina Nataliýa Slekişina bilen bolan ýagdaýy ýatlaýar. 2016-njy ýylda Slekişina SIZO-da oturan wagtynda, özüniň toparlaýyn halda zorlanandygyny aýtdy. Şondan soň ol göwreli bolup, türmede çaga dogurdy. Iş suda geçirildi. Wagtlaýyn izolýatoryň gullukçysy, medisina ekspertizasynyň tassyklamagy bilen şol çaganyň atasy bolan adam dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Izolýatordaky bu işe gatnaşan beýleki gullukçylary sud jogapkärçiligine çekmek başartmady.

Eger türmede oturan erkek adamlar hakykat ýüzünde hukuksyz bolsalar, türmede oturan aýallar iki esse – hem hukuksyz, hem goragsyz diýip, Gurina belleýär.

«Ulagatty žanuýa» jemgyýetçilik fondunyň prezidenti Marianna Gurina.
«Ulagatty žanuýa» jemgyýetçilik fondunyň prezidenti Marianna Gurina.

— Aýallar türmä düşeninde, düzgün boýunça olar eýýäm taşlandy saýylýar. Ýekebaş, üstesine-de taşlanan aýallaryň türmede hiç bir goragy ýok. Ony ol ýerde kemsidýärler, zorlaýarlar, onda bolsa kanun goraýjy organlara öz arzasyny ýetirmäge mümkinçilik ýok. Bu şertde käte tötänlik ýüze çykýar, meselem, Slekişina hem Berkhojaýewa bilen dörän ýagdaýda, bu çüýrük ahlak ýarylansoň, töwerekde giňişleýin dawalary döredýär – diýip, Marianna Gurina ýagdaýy düşündirýär.

Gazagystanly hem daşary ýurtly hukuk goraýjylar ýurduň türmeler ulgamyndaky çäksiz deňsizligi birnäçe gezek tankyt etdiler. Geçen ýylyň martynda ABŞ-yň döwlet departamentiniň dünýä çäginde ynsan hukuklarynyň ýagdaýy baradaky çap eden maglumatynda, Gazagystandaky türme şertleriniň ýowuzdygy aýratyn bellenipdi, tussaglaryň kanuna laýyk gelmeýän zorluga duçar bolýandygy aýdylypdy. 2019-njy ýylyň martynda Ýewroparlamentiň kabul eden rezolýusiýasynda hem Gazagystanyň türmelerinde «dowam edýän bikanun gynamalar kada bolmagynda galýar» diýildi.

Wiktoriýa Berkhojaýewa özüniň garşy gidýän «toparynyň» geljekde ýagdaýa ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini bilýär. Onuň möhletinden öň şertli azatlyga goýberilmezligi mümkin.

— Meniň türmede oturmaly möhletim 2021-nji ýylyň aprelinde tamamlanýar, soň erkin zona çykyp bilerin. Hudaý halasa, belki, ondan öňräk azatlyga çykaryn. Goýbermäýenlerinde-de soňky «jaň» dagdan aňyrda däl. Iş ýüzünde meniň saglygym hem güýjüm şol möhletiň ählisini türmede oturmaga ýetjek. Köp adamyň maňa teklip edişi şeýle, men bu ýagdaýdan peýdalanyp, türmeden irräk çykmaly. Ýok. Meniň üçin esasy zat – öz abraýymy goramak; menem il ýaly adam, edil başgalar ýaly. Men aýal, aýalyň garşysyna jenaýat edildi. Hiç kime meni kemsitmäge ýa-da zorlamaga hukuk berlenok. Sud meni azatlykdan mahrum etdi, ýöne sud meni beýle zorluga mejbur etmedi ahyryn – diýip, ol ynam bilen aýdýar.

Wiktoriýanyň erkin durmuşa gaýdyp barasy gelýär. Aýtmagyna görä, türmä düşmezden öň dürli konsertleriň hem beýleki çäreleriň guramaçysy bolup işläpdir. Onuň türme möhleti 2023-nji ýylyň awgustynda tamamlanýar. Türmeden çykansoň, ol başga ýere gitmegi arzuw edýär. «Azatlyga çykanymdan soň ýurdumy täzeläp, özümiň tanalmaýan ýerimde ýaşamak isleýän» diýip, ol aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG