Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusdan ýogalanlaryň sany 80 ýetdi, häkimiýetler onuň tiz ýaýraýandygyny aýdýarlar


illustrasiýa suraty
illustrasiýa suraty

Hytaýyň häkimiýetleri täze koronawirusyň ýaýramak ukybynyň barha artýandygyny we kesellän adamlaryň köpelip biljekdigini aýdýarlar. Soňky sanlara görä, wirus 2 700 adama ýokaşypdyr, 80-den gowrak adam ýogalypdyr.

Hytaýyň saglyk ministri Ma Ksiaowei ýurduň "aýgytly çäkden" geçendigini we "wirusyň ýaýramak ukybynyň güýçlenýändigine meňzeýändigini" 26-njy ýanwarda aýtdy.

Hytaý resmisi syýahatçylyk babatyndaky we beýleki çäklendirmeleriň "az ýitgili we has tiz" netijeleri bermelidigini belledi.

Hytaýyň saglyk ministriniň çykyşy 26-njy ýanwarda agşam Dünýä saglyk guramasynyň baştutanynyň koronawirus barada Hytaýyň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Pekine barýandygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Dünýä ýurtlarynda, şol sanda Taýlandda, Awstraliýada, Kanadada, ABŞ-da we Fransiýada koronawirus bilen kesellänleriň hasaba alynmagy dowam etdirilýär. Adamlaryň wirusdan ýogalmagy bilen bagly ýagdaýlar diňe Hytaýda hasaba alyndy.

Keselçiligiň ojagy bolan Wuhan şäheriniň häkimi ýene 1000 adamyň kesellän bolmagynyň çak edilýändigini aýtdy. ABŞ, Fransiýa we Ýaponiýa öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge taýýarlanýarlar.

XS
SM
MD
LG