Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NYT: Boltonyň kitaby Tramp Ukraina üçin kömegi derňewler bilen baglaşdyrdy diýýär


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Bolton
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Bolton

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Bolton özüniň entek çap edilmedik kitabynda prezident Donald Trampyň öz syýasy garşydaşlary barada derňew geçirmedik ýagdaýynda Ukraina üçin kömegi doňdurmak isländigini öňe sürdi. Bu barada "The New York Times" neşri habar berýär.

26-njy ýanwarda çap bolan maglumata görä, Bolton öz kitabynda Trampyň Ukrainanyň özüne garşydaşlary, şol sanda öňki wise prezident Joe Biden we onuň ogly barada derňewler bilen kömek berýänçä bu ýurda howpsuzlyk üçin berilmeli ýüzlerçe million dollary saklap galmagy isländigini aýdandygyny mälim edipdir.

Trampyň aklawçylary Boltonyň beýanatyna jogap berip, prezidentiň Ukraina üçin kömegi hiç wagt derňewler bilen ilteşdirmändigini gaýtalap aýtdylar.

Maglumatyň çap bolmagyndan soň demokratlar Boltonyň Trampa impiçment bildirmek bilen bagly iş boýunça çykyş etmegi baradaky talabyny ýene gaýtaladylar.

ABŞ-nyň prezidenti öz häkimiýetinden hyýanatçylykly peýdalanmak, şeýle-de öz syýasy garşydaşlary boýunça derňew geçirmek işine Ukrainany çekmek üçin Kongressiň oňa 391 million dollar möçberli harby kömegi yza çekmegi barada güman edilýän tagallalary bilen bagly aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Diňlenişikler 27-nji ýanwarda Senatda dowam eder. Tramp Boltonyň aýdanlaryny Tweeter arkaly ret edip: "Men Jon Boltona Ukraina üçin kömegiň demokratlar, şol sanda Bidenler babatyndaky derňewler bilen baglydygyny hiç haçan aýtmandym" diýdi.

XS
SM
MD
LG