Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gezelenç synaga öwrülende. Duşenbäniň köçesindäki maýyp arabaly adamlar. Wideo


Täjigistanyň paýtagtynda güýçli depginde gurluşyk işleriniň barýandygy hem-de şäheriň keşbiniň täzelenýändigi sebäpli, köp adamlara şäheriň köçelerinde hereket etmäge kynçylyk döreýär, maýyplara gapdaldan kömek bolmazdan, bir ýere baryp gelmek agyr düşýär.

Duşenbäniň köçelerinde hereket etmegiň kynçylyklary barada maýyp arabasynda oturan iki ýaş ynsan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Olardan biri 27 ýaşly Hosima Aýubzoda. Geljegine uly umyt bildirilýän uniwersitet uçurymy hem-de birnäçe kitabyň awtory mundan birnäçe ýyl owal süňk döwülme keseline duçar bolansoň, wraçlaryň gelen netijesi ony alada batyrdy. Aýaklary onuň aýdanyny etmedi, ahyrynda ýaş gyz maýyp arabasynda oturmaly boldy. Indi ol Duşenbäniň köçelerinde özbaşdak hereket etmegiň aşa kyndygyny boýun alar, şonuň üçinem uzakly günläp, dört diwaryň arasynda baglanyp galýandygyny aýdýar. Eger ol Duşenbäniň merkezine gezelenje çykyp bilse, ýerasty geçelgelerden geçmegiň howly hem güzaplydygyny gürrüň berýär.

– Siz görýäňizmi araba üçin ýoluň dardygyny. Pyýadalaryň gatnawy üçin ýasalan geçelgeleriň gapdalyndaky kolýaska döredilen ýol örän dar, ol diňe maňa däl, maňa ol ýerden arabamy geçirişmäge kömek edýänler üçinem howply, aýratynam pese düşeniňde – diýip, ol janygýar.

Geçip barýanlaryň kömegi bilen nähilidir aşakky geçelgä düşmek mümkin, ýöne bu « owaly aňsat däl, soňra özüňe-de ýakymly däl» diýip, Hosima boýun alýar.

24 ýaşly Hurşed Ismatow hem maýyp arabasynda oturyp hereket etmeli bolýar. Ol Duşenbäniň merkezindäki pyýadalaryň geçýän ýolundan aşak düşmegiň «diňe bir amatsyz bolman, eýsem howplydygyny» aýdýar, sebäbi basgynçaklar dik aşak gaýdýar. Ol ýollar hereketi çäkli bolan adamlaryň mümkinçiligi nazara alnyp gurulmandyr. Hurşed islendik pursatda öz arabasynyň düňderilmeginden howatyr edýär.

Şeýle kynçylyklar şäheriň ähli ýeride gabat gelýär. Köçelere ýa-da seýil baglaryna gezelenje çykanlar awtobusyň ýa trolleýbusyň aşagyna düşmekden gorkýarlar. Poliklinika ýa-da söwda merkezleri ýaly jemgyýetçilik binalarynyň öňünde maýyp arabalary üçin ýörite pandus – ýapgytlyk ýok.

Muňa garamazdan, Duşenbe şäher häkimligi bu ugurda aýratyn komissiýanyň işleýändigini mälim edýär. «Olar täze gurulýan jaýlarda hereketi çäkli adamlaryň mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagyny berk talap edilýärler. Täze obýektleri kabul edýän komissiýanyň düzümine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şol sanda hereket mümkinçiligi çäkli bolanlaryň bähbitlerini goraýan guramadan adam bolup, olar täze obýekti barlar» diýýärler.

Muňa garamazdan, hereket kynçylyklaryndan arz edýänler az däl. Golaýda Duşenbe şäherinde maýyp arabalaryny göterýän liftiň gurluşygy ýola goýuldy. Şeýle lift Duşenbäniň Zarnisor etrabynda gurulýar, ol maýyp adamy arabasy bilen ýerdäki derejeden ýokary çykarmaga ukyply. Muňa garamazdan, çözülmeli meseleleriň aşa köpdügini maýyp arabasynda oturanlar aýdýarlar.

Täjigistanda hereket etmegi çäkli bolanlaryň 150 müňe golaýynyň ýaşaýandygyny aýdýarlar. Olardan diňe 30 müň adamda maýyp arabasy bar, diňe olar şähere özbaşdak çykyp bilýärler. Beýlekiler bolsa mydama jaýyndan çykman oturýarlar ýa-da sosial-kömek edaralarynda bolýarlar.

Hereketi çäkli bolan adamlaryň durmuş zeruryýeti hem döretmek ukyplary Täjigistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulýar, ýöne hakykat ýüzünde olaryň başarnyk mümkinçiliginden, duş bolýan kynçylyklary has artyk. Kanun olara jemgyýetçilik transportyndan mugt peýdalanmaga hukuk berýär, olar ýaşaýyş jaýlaryň salgydyndan boşadylýar, ýerli telefon aragatnaşyk tölegleriniň hem deň ýarysyny tölemän bilýärler.

Ýöne şol topara degişli adamlaryň esasy kynçylygy iş bilen üpjün edilmezligi hem girdejisiniň bolmazlygydyr.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG