Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda wirus sebäpli 100 adam öldi; oňa 4 müň 500 adam ýolugdy


Hytaý resmileri wirusyň ýaýramak mümkinçiginiň artýandygyny aýtdylar.
Hytaý resmileri wirusyň ýaýramak mümkinçiginiň artýandygyny aýtdylar.

Hytaýda täze respirator wirusy sebäpli ölenleriň sany 106 adama ýetdi, şeýle-de muňa ýolugan täze 1 müň 771 ýagdaýyň üsti açyldy diýip, hytaý resmileri 28-nji ýanwarda habar berdiler.

27-nji ýanwardaky ýagdaýa laýyklykda, Hytaý boýunça umumy hasapda 4 müň 515 adam bu wirus bilen keselledi diýip, Milli Saglyk Komissiýasy maglumat berdi.

Mundanam başga, dünýä boýunça bu wirusa ýokuşan 48 ýagdaýyň üsti açyldy. Bularyň ählisi ýa hytaý turistleri ýa-da golaýda Hytaýa sapar eden adamlardyr.

Bu aralykda Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa we Gyrgyzystan Hytaý bilen serhetlerini ýapýandyklaryny yglan etdiler. Hong Kong we Malaziýa bolsa wirusyň ilki ýüze çykan sebitinden bolan adamlary öz serhetlerinden geçirmejekdiklerini aýtdylar.

ABŞ-nyň Ýokanç kesellere garşy göreş we öňüni alyş merkezi Hytaýyň islendik sebitine sapar etmekden saklanmaga çagyrdy. Kanada wirusyň ýaýrap başlan Hubei welaýatyna sapar etmezligi maslahat berdi.

Hytaý resmileri wirusyň ýaýramak mümkinçiginiň artýandygyny aýtdylar. Syýahat agentliklerine ýurt boýunça geçirýän turlaryny ýatyrmak tabşyryldy.

27-nji ýanwarda Germaniýa koronowirusa ýolugan ilkinji ýagdaýy ýüze çykardy.

Bu wirusyň dümewe çalymdaş alamatlary bolup, ol adamdan adama geçip bilýär.

Wirusa ýokuşan adamlar Komojiýada, Şri-Lankada, Malaýziýada, Günorta Koreýada, Taýwanda, Taýlandda, Kanadada, Nepalda, Wýetnamda, Saud Arabystanynda, Singapurda, Ýaponiýada, Birleşen Ştatlarda, Fransiýada we Awstraliýada hem ýüze çykaryldy.

XS
SM
MD
LG