Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjana sapar eden türkmenistanlylaryň sany 84,2% artdy


Uçara tarap barýan türkmenistanly ýolagçylar. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Uçara tarap barýan türkmenistanly ýolagçylar. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Geçen ýyl Azerbaýjana sapar eden türkmenistanlylaryň sany 84,2% artdy. Bu barada Trend habarlar gullugy Azerbaýjanyň Turizm boýunça döwlet agentligine salgylanyp maglumat berýär.

Munuň bilen baglylykda, türkmenistanlylar 2019-njy ýylda Azerbaýjana sapar eden 3,1 million daşary ýurtlynyň 1,6%-ni düzýär; bu 50 müň töweregi adamdyr.

Türkmenistanyň ilaty soňky onýyllykda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we adam hukuklarynyň tas ähli ugurda basgylanmagy bilen baglylykda, barha köp daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn edýär diýip, ýurt içinden gowuşýan resmi bolmadyk maglumatlarda aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdan gidýän adamlaryň möçberini azaltmak üçin zähmet migrantlaryny uçardan alyp galmak, daşary ýurtlarda işleýän we wiza möhletleri gutaran raýatlaryň garyndaşlaryna basyş etmek ýaly çärelere ýüz urýarlar.

XS
SM
MD
LG