Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina azeri bloggerini deportasiýa etmek barada görkezme bermändigini aýdýar


Elwin Isaýew
Elwin Isaýew

Ukrainanyň Döwlet migrasiýa gullugy (DMS) azeri oppozisiýa bloggeri Elwin Isaýewi Bakuwa deportasiýa etmek boýunça hiç haçan görkezme bermändigini aýtdy.

14-nji dekabrda Azerbaýjanyň Döwlet Migrasiýa gullugy Isaýewiň ýurduň Baş prokuraturasy tarapyndan agyr jenaýatlary amala aşyrandygy üçin gözlenýändigini, munuň bilen baglylykda iki gün öň onuň “Ukrainanyň migrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin” diýilýän aýyplamalar bilen deportasiýa edilendigini aýdypdy.

DMS-iň 29-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol Elwin Isaýewi ýutdan zor bilen çykarmak boýunça hiç hili karary kabul etmändir.

Isaýew Bakuwa gelen badyna, azeri sudunyň 22-nji awgustdaky çykaran hökümine laýyklykda, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Azerbaýjan Isaýewe ýöňkelýän aýplamalar, şeýle-de onuň näme sebäpden tussaglyga alnandygy barada düşündiriş bermedi.

Isaýewiň deportasiýasy ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň 16-18-nji dekabr aralygynda Bakuwa eden saparyna gabat geldi.

23-nji dekabrda Ukrainanyň Baş prokuraturasy Azatlyk Radiosyna Isaýewiň deportasiýa edilmegini oňlanmandygyny mälim etdi.

Isaýew 1998-nji ýylda Russiýa göçüp, öz blogunda azeri prezidenti Ylham Alyýewi “diktator” diýip atlandyrdy we Azerbaýjandaky korrupsiýa barada makalalary çap etdi.

XS
SM
MD
LG