Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň hüjümi netijesinde şikes alan gullukçylarynyň sanyny dördünji gezek artdyrýar


Aýn al-Asad howa bazasynyň raketa sarbasyndan soňky görnüşi
Aýn al-Asad howa bazasynyň raketa sarbasyndan soňky görnüşi

ABŞ-nyň harbylary Eýranyň şu aýda Yrakdaky amerikan bazasyna eden hüjümi netijesinde has köp harby gullukçysynyň beýni sarsmasyna duçar bolandygyny aýtdy.

30-njy ýanwarda Pentagonyň metbugat-wekili Thomas Kampbell “umumy hasapda ABŞ-nyň 64 gullukçysyna beýniniň ýeňil sarsmasy diagnozy goýuldy” diýip, maglumat berdi.

Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň 8-nji ýanwarda Yragyň günbataryndaky Aýn al-Asad harby uçar bazasyna eden hüjüminde “hiç bir amerikala zeper ýetmändigini” aýdypdy.

Harbylar soňy bilen, ilki 11 esgere, soňra 34 esgere, 28-nji ýanwarda bolsa 50 gullukça şikesiň ýetendigini aýtdy.

Eýran Kuds güýçleriniň kommandiri bolan general-maýor Kasem Suleýmaniniň ýanwaryň başynda ABŞ-nyň zarbasy netijesinde öldürilmegine jogap edip, Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň ýerleşýän bazasyna hüjüm edendigini aýtdy.

Pentagon şikes ýeten 64 ABŞ gullukçysynyň hataryndan 39-synyň eýýäm öz gulluk borçlaryna dolanandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG