Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi Ýowanowiç Döwlet departamentinden işden çekildi


Mari Ýowanowiç
Mari Ýowanowiç

ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi Mari Ýowanowiç Döwlet departamentinden işden çekildi diýip, amerikan mediasy 31-nji ýanwarda habar berdi. Ol geçen noýabrda Wekiller öýüniň prezident Donald Trampa garşy açan impiçment diňlenişiklerinde esasy rol oýnan adam boldy.

Ýowanowiç 2019-njy ýylyň maýynda, Trampyň hususy aklawçysy Rudi Julianiniň ýolbaşçylygynda özüni işden çetleşdirmek boýunça gurnalan gujurly kampaniýadan soň, birden Kiýewden Waşingtona çagyryldy.

33 ýyllap diplomatik işlerde işlän Ýowanowiç Kiýewden çagyrylandan soňam Döwlet departamentiniň aýlygynda galdy we Waşingtondaky Georgetown uniwersitetinde sapak berdi.

Ýowanowiç noýabrda Wekiller öýüniň impiçment derňewinde görkezme berip, Julianini Ukrainada diplomatiýanyň “regulýar däl kanalyny gurnamakda” aýyplady.

Ol munuň bölekleýin Trampyň içerki syýasy bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG