Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Amerikanyň Merkezi Aziýanyň gülläp ösenini görmek isleýändigini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazak kärdeşi Mukhtar Tileuberdi bilen. Nur-Sultan, 2-nji fewral, 2020.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazak kärdeşi Mukhtar Tileuberdi bilen. Nur-Sultan, 2-nji fewral, 2020.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazagystandaky “hakyky reformalary” öwüp, Waşingtonyň nebite baý ýurduň “geçiş pursatynda “kömek etmekçi bolýandygyny” aýtdy.

Ol 2-nji fewral gazak paýtagtynda AÝ/AR bilen eden söhbetdeşliginde ozalky sowet respublikasyny Waşingtona goşulyp, Hytaýa Sinjiaňdaky azlyklara berýän azary sebäpli basyş görkezmäge çagyrdy we Amerikanyň Merkezi Aziýanyň “gülläp ösenini” görmek isleýändigini aýtdy.

Pompeo bu ýurda sapary mahalynda hytaýly etniki gazaklar bilen hem duşuşdy, olar öz garyndaşlarynyň Sinnjiaňdaky “syýasy gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinde saklanylýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de Pompeo ýurtlaryň hytaý sebitinden gaçan adamlara syýasy gaçybatalga bermeklerine çagyrdy diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär.

Pompeo Waşington bilen Moskwanyň regiondaky täsir ugrundaky bäsleşiginiň çäginde ABŞ-nyň goldawyny bildirmek üçin öňki sowet respublikalarynda ýokary derejeli resmiler bilen duşuşýar.

“Biz Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň garaşsyz we özbaşdak bolmagyny isleýäris, olaryň sebitdäki başga bir döwlet üçin çig mal üpjünçisi ýa elgarama döwlet bolmagyny islemeýäris” diýip, ABŞ-nyň baş diplomaty aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar hytaý häkimiýetleriniň demirgazyk-günbatar sebit bolan Sinjiaňda uýgurlary, gazaklary we beýleki musulman azlyklaryny berk gözegçilik astynda saklap, eden-etdilikli tussag etmelere, mejbury terbiýeleýişlere sezewar edýändigini aýdýarlar.

Hytaýyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşy bolan Gazagystanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy Sinjiaňdaky içerki terbileýiş lagerleri baradaky maglumatlary beýan etmekden umuman çeke durýarlar.

Pompeo bu meseläni 2-nji fewralda, Gazagystanyň daşary işler ministri Mukhtar Tileuberdi bilen bolan duşuşyk mahalynda hem gozgady.

Maýk Pompeo ozalky sowet respublikalarynyň dördüsine edýän saparynyň çäginde, bu ýurtlaryň liderlerine Waşingtonyň goldawyny tassyklamak üçin, 1-nji fewral güni giçlik paýtagt Nur-Sultana geldi.

2-nji fewralda onuň gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, ýurduň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşygy planlaşdyryldy.

Pompeo bu saparynyň çäginde, Ukraina we Belarusa gelmezinden öň Londona bardy we şu gün giçlik Özbegistana ugraýar.

Döwlet departamenti Gazagystana sapar “biziň Merkezi Aziýa ýurdundaky parahatçylyk, abadançylyk we howpsuzlyk babatdaky umumy bähbitlerimize ygrarlydygymyzy” gaýtadan tassyklamagy maksat edinýär diýdi.

XS
SM
MD
LG