Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ejesini küýsetmejek bolup köp alada etdim". Çaganyň ene hem ata terbiýesi


Ýaş maşgaladaky ilkinji doglan çagany onuň kakasynyň hossarlaryna terbiýä bermek däbi ýüzlerçe ýyldan bäri dowam edip gelýär. Bu däbiň tarapdarlarynyň pikirine görä, ene-atasynyň elinde terbiýe alan çagada dürli taraplaýyn ösüşler bolýar hem başgalaryň aladasyny etmegi başarýar. Ýöne psihologlar öz hossaryndan aýrylan çaga psihologiki şikes alýar diýen pikirde. Azatlyk hossarlaryndan aýralykda terbiýe alanlar bilen gürrüňdeş boldy.

«HIÇ KIMI KÜÝSÄP BARAMOK»

26 ýaşly Tolkyn (ady üýtgedildi – Red.) Şymkentde doglupdyr, Tarazda hem ösüp-ulalypdyr. Enesi bilen atasy Tolkyny ýarym ýaşy dolanda alypdyr. Çaganyň ejesi muňa razy bolmasa-da, maşgaladaky ýeke ogul ejesi bilen kakasynyň göwnüni ýykyp bilmändir, olar agtygy öňden bäri küýseýän ekenler. Ýaş maşgala şäherde galyp, okuwyny hem işini dowam etdirýär, çagany bolsa oba alyp gidýärler.

— Atam bilen enem meni çäksiz söýýärdi. Men bu gün bir zat gazanan bolsam – olara minnetdar. Olar meni mümkin bolan konkurslara gatnaşdyrdylar, ýöne obada ýaşaýardylar, ejem bilen kakam bolsa şäherde, şonuň üçin meniň doganlarymyň mümkinçiligi köpdi, olar sport bölümlerine, beýleki kružoklara gatnaşyp bilýärdiler. Çaga wagtym mydama: “Meni näme üçin oba berdiler? Belki, meniň kemçiligim bardyr, men özümiň olara mynasyp perzentdigimi subut etmeli” diýip oýlanýardym. Häzirem men şeýle pikirde, bu kadaly ýagdaý däl. Men diplom alyp, hossarlarymyň öňünde: «Görüň, meniň gyzyl diplomym bar» diýip öwündim – diýip, Tolkyn gürrüň berýär.

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Tolkyn köp ýyllap öz ýüreginde kine galandygyny aýdýar. Ol bir ýyldan gowak daşary ýurtda okasa-da, «hiç kimi küýsemändir».

— Çagalykdan meniň aňymda «öýüňi küýsemek dogy däl» diýen pikir ýaşaýar. Bir gezek bir myhman geldi, onuň sesi kakamyň sesine meňzeşdi. Men öýden ylgap çykyp, onuň ýüzüne seretmän: “Kaka!” diýip boýnuna bökdüm hem agladym. “Biz oňa bar zadymyzy berýäs, ol gadyrbilmez bolsa ejesi bilen kakasyny küýseýär” diýip, enem hem aglady. Enemiň gözýaşyny görmek maňa gaty agyr düşdi. Şondan soň hossarlarymy küýseýändigimi bildirsem, enemiň göwnüne degerin diýen pikirde boldum – diýip, Tolkyn ýatlaýar.

Tolkunda ejesiniň ýöreýşi peýda bolupdyr, ýöne muny görkezmezlige çalşypdyr.

— Ejemiň aýratyn ýöreýşi bar, ol egnini dik tutýar. Oba adamlary meniň ýöreýşimiň ejeme meňzeşdigini aýtdylar. Mende «ejeme meňzesem gowy bolmaz, beýle etsem enemiň göwnüne degerin» diýen pikir döräp, men özümi sölpüräk alyp barmaga çalyşdym. Beýleki bir ýagdaý, ejem bilen kakam her gezek gelende, men aglaýardym hem keselleýärdim. O wagt öz ýagdaýyma düşünmeýän ekenim. Indi oýlansam, meniň keselim içki göreşim bilen bagly bolmaly. Kiçi doganlarym ejem bilen kakamy gujaklaýardylar hem ogşaýardylar, men bolsa olardan ara saklaýardym. Olar bilen gidesim gelýärdi, ýöne ony aýdyp bilmeýärdim. Eger enem meniň gözýaşymy görse, bile aglajagyny bilýärdim, şonuň üçin oňa gözýaşymy görkezmejek bolup çalyşýardym. Meniň çaga höwesim içimde boglup öldi. Oba mekdebini gutaryp, Almaty uniwersitetine gitdim. Indi men ejem bilen açyk gürleşip biljekdim, şonda-da ahyryna çenli açyk bolup bilmedim – diýip, Tolkyn aýdýar.

Ol Almatyda uniwersiteti gutaransoň, döwlet programmasynyň sylagyny utup, ABŞ-a okuwa gitdi. Iki ýyl mundan öň durmuşa çykdy. Ýaş maşgala çaga küýsese-de, olardan entek çaga ýok. Ýaş gelniň pikirine görä, onda çaga bolmagyna psihologiki ruhy päsgelçilik bar. «Ol çagalykdan aňda galan gorky bilen baglydyr» diýip, Tolkyn pikir edýär.

— Meniň adamym maşgaladaky uly ogul, onuň kiçi doganlary entek ýaş. Mende eger çaga dogursam, çagamy elimden almaklary mümkin diýen gorky bar. Men içki howsalamy ýeňip bilemok, adamym bolsa meni bu gorkudan halas etmäge çalyşýar. Gaýynlarym hem çagamy almajakdyklaryny aýdýarlar. Ejem hem ‘çagasyz ýaşap bolmaz’ diýýär. Ony eşidip men ejeme: “Onda näme üçin sen meni berdiň?” diýýän. “O wagt men ýaşdym, olar meniň pikirim bilen gyzyklanandyr öýdýäňmi?!” diýýär. Indi meniň günäm näme? – diýip, Tolkyn ýüzlenýär.

«ULULARYŇ GÖWNÜNE DEGMEJEK BOLUP KÖP ÇALYŞDYM»

Enesi bilen atasynyň ýanynda ösüp ulalan Azatlygyň beýleki bir gürrüňdeşi hem şoňa meňzeş taryhy aýdýar. Ol soňlugy bilen ejesidir kakasynyň ýanyna gelipdir, ýöne olaryň «mähriban çagasy» bolup bilmändir.

Almatynyň 22 ýaşly ýaşaýjysy enesiniň öýünde geçen gaýgy-aladasyz çagalygyny uly höwes bilen ýatlaýar. Ýöne ejesi bilen gatnaşygynyň entegem sowukdygyny boýun alýar.

— Men ejem bilen açyk gürrüň edip bilemok. Ondan özbaşdak ulalamsoň, ol mydama maňa düşünip baranok. Ejem iki gyz doganym bilen bize gelende, olar maňa dogany hökmünde däl, başgarak seredýän ýalydylar. Men bolsa ulularyň göwnüne degmezlige çalyşýardym. Ejemiň ýanyna golaýlaşasym gelýärdi, ýöne enem öýkelär diýip gorkýardym. Ol maňa gyjalat beräýjek ýalydy, sebäbi ol meni ýetişdirdi ahyryn. Ejem oba gelende, onuň ýanynda ýatsam, enemiň göwni galýardy – diýip gürrüň berýär.

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň günorta sebitinden bolan 23 ýaly Aýnamkoz Şymkendiň medisina institutynda okaýar. Alty aýlyk wagtynda enesi ony öz ýanyna alypdyr. Atasy ýogalandan soň, ol öz maşgalasyna gaýdyp gelipdir. Aradan on ýyl geçse-de, entegem olara öwrenişip bilmeýändigini aýdýar.

— Men hossarlarymdan gowy gören zadymy alyp ber diýip, haýyş edip bilmeýän. Bir zat sorasam, özümi kemsidäýjek ýaly duýýan. Hossarlarym bolsa kiçi doganymy gabanýarlar. Men mydama «size özümiň kimdigimi görkezerin» diýip oýlanýan. Ýaşlygymdan janypkeş bolsam-da, özüme ymamym azdy, mende aýgytlylyk ýeterlik däldi. Men özümiň söýülmegimi isleýän. Onuň üçin näme etmeli, maňa aýtmasalaram içerini ýygnaşdyrýan, her zatda sabyrly bolýan – diýip, Aýnamkoz aýdýar.

Aýnamkoz durmuşa çykmak isleýär, mundan öňinçä özüni psihiki taýdan uly durmuşa taýýarlamagyň aladasynda.

— Häzir dürli psihologiki kurslara gatnaşýan hem medisinany öwrenýän, bu meniň üçin örän gyzykly. Ene bilen çaga arasynda aýratyn gatnaşyk bar, eger ol gatnaşyk bozulsa, ony täzeden diklemek mümkin däl. On üç ýaşyma çenli obada ösüp-ulaldym. Gyz ejesiniň söýgüsini almasa, bütin ömrüne onuň ruhy islegi aýrylmaýar. Häzir men ejemden ogşamagyny ýa başymy sypamagyny haýyş edip bilmeýän – diýip, Aýnamkoz ýagdaýyny boýun alýar.

«ÝEKELIGI DUÝMAK»

Etnograf-ýazyjy Zeýnep Ahmetowa «Күретамыр» atly kitabynda ilkinji doglan çaganyň enesi tarapyndan terbiýä alnyşy barada ýazýar.

«Ilkinji agtygy barada ata-äže (ata-ene) şeýle diýýärler: “balam – balym, balamyň balasy – janym”. Bu däbiň baş aýratynlygy şundan ybarat, ýaş maşgalada entek çaga terbiýelemäge tejribe bolmansoň, şo wagta çenli birnäçe çagany terbiýeläp ýetişdiren uly nesil ilkinji çaganyň terbiýesini öz üstlerine alýar. Olar agtygynyň terbiýesi üçin aýratyn ukyp-gaýratyny sarp edýärler. Olar çagany paýhasly, edep-terbiýeli, ar-namysly hem hormatly adam bolup ýetişdirmäge çalyşýarlar» diýip, awtor ýazýar.

Oba ýerinde oýnaýan çagalar
Oba ýerinde oýnaýan çagalar

Ahmetowanyň ýazmagyna görä, enesiniň hem atasynyň ýanynda terbiýelenen çaga ir dil çykarýar, pikir ediş ukyby bilen öz deň-duşlaryndan tapawutlanýar.

«Ýaşy ulular tarapyndan terbiýe alan çaga däp-dessurlara hormat goýýar, köne dessury goraýar, töwerekdäkileriň hormatyny gazanýar, ýaşululary sylaýar, sahylygy bilen tapawutlanýar, pikir ediji hem özüni bir tapda saklamagy başarýar. Biziň taryhymyzdaky beýik adamlar, ähli akyldarlar öz ata-äžesiniň terbiýesini alanlardyr» diýip, etnograf ýazýar.

Şonuň bilen birlikde Z. Ahmetowa bu däpde ata-äženiň özlerini alyp barşy bilen baglanyşykly käbir näsazlygyň bolmagynyň mümkindigini-de belleýär.

«Käbir äže özüne artykmaç hukuk berip, çaganyň terbiýesini bozýar, çaga özüni dograna gödek söz aýtmaga rugsat edýär, ejesiniň-kakasynyň adyny tutup ýüzlenmegi öwredýär. Diňe özüni bilýän ata-äže munuň geljekde çaga nähili täsir etjegini göz öňüne getirmeýär. “Kim öň doglan bolsa, ol öň öler” diýlişi ýaly, ata-äže ýogalansoň, çaga öz hossarlaryna baglanmagy başarmaýar, doganlarynyň ýanynda özüni ýetim saýýar, özüni ýekelikde duýýar» diýip, Z. Ahmetowa ýazýar.

Awtoryň aýtmagyna görä, agtygyny söýýän ulular emzikdäki çagany ejesinden aýyrmaz, çaganyň öz hossarlaryndan aýrylmagyna-da ýol bermez, onuň keseki biri tarapyndan terbiýelenmegini islemez. «Olar diňe çaga terbiýesi bilen meşgul bolarlar» diýip, ýazyjy belleýär.

PSIHOLOGLAR: ÇAGA GÖWNI SYNYK ULALÝAR

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan psihologlar «bu däpden ejir çekenleriň» köpüsiniň özlerine ýüz tutýandyklaryny aýdýarlar.

Psiholog Salima Satylgankyzy ene bilen ata baý durmuş tejribesini agtyklaryna öwredip bilerler diýip hasap edýär. Ýöne ene-atanyň elinde terbiýe alanlaryň köpüsiniň psihologiki kompleksli bolýandygyny-da belleýär.

— Ejesiniň mährinden daşda terbiýelenen çaga öz içinde nähilidir öýke-kinäni duýýar. Töwerekdäkiler bilen umumy dil tapyp bilmezlik olaryň esasy kynçylygy. Olar özlerine pes baha berýärler hem özlerini köp zatda çäklendirýärler. «Men muňa mynasyp däl» diýip pikir edýärler. Özlerine ynamlary az bolansoň, islegine ýetip bilmeýärler. Olarda ‘jemgyýet meni kabul etmez’ diýen duýgy döreýär. Käbirinde dawaçyllyk – başgalar bilen oňuşmazlyk häsiýeti bolýar, olar agressiw, konflikte taýyn – diýip, psiholog belleýär.

Psiholog Wladimir Steblýanko hem hossarlaryndan aýrylyp, enesi bilen atasynyň ýanynda ýaşamagyň çaga ýaramaz täsir edýändigini aýdýar.

— Çaga ejesi bilen kakasynyň ýanynda ösüp ulalmaly. Olar çaga hossarlyk söýgüsini berýärler. Garrylar bolsa çaga ene-ata söýgüsini berýär. Ol söýgi çagany doly kanagatlandyrmaýar, şonuň üçin ol çagalara durmuşda ýol almak kyn düşýär. Çaganyň ruhy dünýäsindäki gymmatlyga şikes ýetýär. Ol öz maşgalasynyň gadyr-gymmadyny duýmaýar. Oňa soňra öz şahsy maşgalasyny gurmak kyn düşýär. Adam betbagtlygyň köküniň nirededigine düşünse, kynçylygyň haýsy ugurlardan gelýändigini bilse, öz hossarlary bilen gatnaşygyny haçan üýtgedenine göz ýetirse, diňe şonda mesele çözülýär – diýip, psiholog aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG