Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Özbegistanyň adam hukuklary meselesindäki ‘öňegidişliklerini’ taryplady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent. 3-nji fewral, 2020 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent. 3-nji fewral, 2020 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Birleşen Ştatlar bilen Özbegistanyň arasyndaky “ajaýyp, barha ilerleýän” diýip atlandyran hyzmatdaşlygy dabaralandyrdy. Pompeo Daşkendiň “adam hukuklary meselesindäki öňegidişlikleri üçin öwgä mynasypdygyny” hem belledi.

Pompeo bu barada 3-nji fewralda Daşkentde özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Saparyň dowamynda Pompeo Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy. Pompeo Mirziýoýewe “ABŞ bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ilerletmek baradaky öňde baryjylygy” üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Men Özbegistanyň has jogapkär hökümetli azat we açyk jemgyýeti gurmak ugrundaky tagallalaryny taryplaýaryn” diýip, Pompeo Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

2016-njy ýylda Özbegistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk eden ozalky awtoritar lider Yslam Kerimow ýogalandan soňra, häkimiýet başyna Mirziýoýew geçdi. Ol ýurduň çöken ykdysadyýetini galkyndyrmak, dürli reformalary geçirmek ugrunda hereket edip başlady.

Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar ýurtdaky ýagdaýlara alada bildirýärler.

XS
SM
MD
LG