Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýangynda iki çaga heläk boldy


3-nji fewralda Almatydan 50 km uzaklykdaky Ostermir obasynda bir gatly jaý ot aldy.
3-nji fewralda Almatydan 50 km uzaklykdaky Ostermir obasynda bir gatly jaý ot aldy.

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatynyň golaýyndaky bir obada ýüze çykan ýangynda iki sany ýaş çaga heläk boldy.

Bu mundan bir ýyl ozal bir maşgaladaky bäş çaganyň otda heläk bolmagynyň ýyl dönümine gabat geldi. Şol pursat, raýatlar häkimiýetleriň adaty adamlar barada alada etmeýändigini aýdyp, hökümete garşy protestleri geçiripdi.

3-nji fewralda Almatydan 50 km uzaklykdaky Ostermir obasynda bir gatly jaý ot aldy.

Içeri işler ministrligiň Adatdan daşary ýagdaýlar komitetiniň maglumatyna görä, 2016-njy we 2017-nji ýylda doglan iki çaga, goňşulary tarapyndan ýanyp duran jaýdan çykarylsa-da, ýolda tiz kömek ulagynda heläk bolupdyrlar.

Bu 2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda gazak paýtagtynda dörän ýangynda bir maşgalanyň bäş çagasynyň ölmegi bilen baglylykda geçirilmegi planlaşdyrylan hatyra çäreleriniň öňýanyna gabat geldi.

Sebitiň döwletleriniň köpüsinde merhrumyň ýylyny bellemek adat hasaplanýar.

Mundan bir ýyl ozal, ene-atasy işde mahaly bir jaýda dörän ýangynda, maşgalanyň üç aý we 13 ýaş aralygyndaky bäş gyz çagasy heläk bolupdy.

Bu ýurduň dürli künjeklerinde hökümete garşy protestleriň geçirilmegine sebäp boldy. Demonstrantlar häkimiýetleri adaty adamlaryň aladasyny etmezlikde aýypladylar.

XS
SM
MD
LG