Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Raýon raýona garşy». Näme üçin Gazagystanyň Aktöbe oblastynda özara çaknyşyklara okuwçylar gatnaşýar?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň Aktöbe oblastynda ýetginjekleriň arasynda dörän çaknyşykda, Şalkar şäheriniň 9-njy synp okuwçysy pyçakdan ýaralandy. Ol ýetginjek agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr. Ekspertleriň bellemegine görä, okuwçylaryň arasyndaky «raýon raýona garşy» çaknyşyklary sebitde howply ýagdaýa öwrülip barýar.

ŞALKARDA NÄME ÝÜZE ÇYKDY?

Bilim edarasynyň maglumatyna görä, 27-nji ýanwarda Şalkardaky Alibi Žangeldin adyndaky mekdepde okuwçylaryň debaty geçirilipdir. Munuň yzyndan şol mekdebiň ýokary synp okuwçylary bilen 2-nji mekdep-gimnaziýanyň okuwçylarynyň arasynda dawa döräp, adamyň az ýerinde, demirýol duralgasynyň golaýynda, ol urşa ýazypdyr.

Aktöbe oblastynyň bilim pudagynyň başlygynyň orunbasary Nurgül Bertleuowanyň aýtmagyna görä, okuwçylaryň ýakalaşmasynda, Alibi Žangeldin adyndaky mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Erkebulan Daribaýew pyçakdan ýaralanypdyr. Hadysa bilen bagly 2-nji mekdep-gimnaziýanyň 6 okuwçysynyň garşysyna derňew işi gidýär. Polisiýa gullugynyň häzirki maglumatyna görä, 2-nji mekdep-gimnaziýanyň 9-njy synp okuwçysynyň garşysyna «adam öldürmek synanyşygynda» şübhe bildirilip, ol öý tussaglygyna alnypdyr. Polisiýa derňew işiniň gizlinligini nazarda tutup, çaknyşygyň döremeginiň sebäpleri barada maglumat bermekden saklandy.

Aktöbe oblastynyň Şalkar şäherindäki 2-nji mekdep-internat.
Aktöbe oblastynyň Şalkar şäherindäki 2-nji mekdep-internat.

Içeri işler bölümi pyçakdan ýara alan Erkebulan Daribaýewiň 29-njy ýanwarda sanawiasiýa bilen oblast merkezine getirilendigini, Aktöbedäki wraçlaryň ony operasiýa alandygyny mälim etdi. Ýaralananyň ýagdaýy agyr diýilýär.

— 2004-nji ýylda doglan ol ýigit ýiti ýarag bilen aşgazandan, bagyrdan hem wena damarynyň aşaky böleginden ýara alypdyr. Oglan köp gan ýitiripdir. Ol huşuny ýitiren ýagdaýynda keselhana getirilipdir. 28-nji ýanwarda özüne gelipdir, ýöne ýagdaýy agyr bolmagynda galýar – diýip, Aktöbe oblast saglygy saklaýyş edarasynyň metbugat-gullugy habar berdi.

Özüni Erkebulanyň hossary diýip tanadan adam Azatlygyň habarçysyna «bolan hadysa barada maşgalamyzyň nähilidir düşündiriş bermäge häzir ýagdaýy ýok» diýdi.

Žangeldin adyndaky mekdebiniň direktory Muhtar Ongarow Erkebulan Daribaýewi örän tertipli hem ýetişigi gowy okuwçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Şalkarda bolan hadysa Aktöbe oblastynda ýetginjekleriň arasyndaky ilkinji pyçakly çaknyşyk däl.

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Şalkardaky kölde döredilen buzly taýgançakda mekdep okuwçysy Mirasbek Dauletiýar pyçak ýarasyndan öldi. Ony öldürenlikde şübhe bildirilip, 10-njy synp okuwçysy saklandy. Oktýabr aýynda Aktöbe sudy öz deň-duşuny öldürmekde günäli saýyp, 17 ýaşly mekdep okuwçysyna 9 ýyl türme tussaglygyny berdi.

2019-njy ýylyň noýabrynda Aktöbe okuwçylarynyň arasynda «raýon raýona garşy» çaknyşyk boldy. Netijede, № 61 mekdebiň okuwçysy pyçakdan ýaralandy. Köp gan ýitiren ol oglany tanyşlarynyň biri keselhana getiripdir. 10-njy synp okuwçysy keselhanada jan berýär. Ony öldürenlikde şübhe bildirilip, Aktöbedäki kollejleriň biriniň studenti saklanýar. Derňew işleri häzirem dowam edýär.

Bu hadysadan soň, sebitiň bilim pudagynyň bilermenleri, pedagoglar hem jemgyýetçilik aktiwistleri ýaşlaryň arasynda emele gelen «raýon raýona garşy» çaknyşyklary barada alada bildirdiler.

«BIZ – ULULAR, ÇAGALARY GORAP BILMEÝÄRIS»

«Бerkut» jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, zapasdaky ofitser Serik Sagiýew diňe bir «raýon raýona garşy» ýa-da «mekdep mekdebe garşy» çaknyşyklara alada bildirmekden daşary, mekdep okuwçylarynyň dürli toparlara birikmeginden hem özlerine serdar – ýolbaşçy saýlamagyndan howatyr edýär.

— Kriminal höwesler köpçülikleýin informasiýa serişdeleri hem Internet arkaly wagyz edilýär. Güýje daýanmagy propaganda edýän filmlerem az däl. Iň esasy zat bolsa, biz – ulular, çagalary gorap bilmeýäris. Şonuň üçinem ýaşlar kriminal usuldan özlerine gorag gözleýärler ýa-da şol topara goşulýarlar. Oba ýerinden gelip, Aktöbedäki kolleje ýerleşen oglany mysal alalyň. Täze şertde, biri-birine duşmançylykda bolan näbelli adamlaryň arasynda ol oglan özüni howpsuz duýmak üçin, ildeş obadaşlary bilen gatnaşyk açmaga synanyşýar. Bu, elbetde, nädogry. Jemgyýet ol oglana özüni goramagy öwretmeli. Ýaş ynsan ulularyň ýa güýçliniň tarapyndan özüne pena gözlemeli däl, onda ol ýaramaz täsirleriň akymyna düşer. Oglan öýünden eli pyçakly çykanynda, birini öldürerin, munuň üçin jogapkärçilige çekilerin diýip pikir etmeýär. Eger şeýle howp bolmasa, ol bu usulda özüni gorajak bolmazdy – diýip, Serik Sagiýew aýdýar.

Mekdepde 40 ýyllap mugallymçylyk eden Marta Malaýdarowa hossarlaryň öz çagasyna köp üns bermelidigini öňe sürýär.

— Okuwçy ýüzugra eline pyçak alanok. Ýaşlaryň arasynda öňden nähilidir bir jetleşigiň bardygy belli, ýöne oňa şol wagtyň özünde üns bermeýärler. Çaga terbiýesinde hiç bir ownuk zat bolup bilmez. Eger çaga öýe utlup-ýenjilip gelse, käbir hossarlar oňa ähmiýet bermän, meseläni onuň özüne galdyrýarlar. Bu bolmaýan zat, ne mekdep, ne mugallym ýaşlaryň arsynda döreýän çaknyşyga parhsyz garamaly däl – diýip, pedagog aýdýar.

Aktöbeli sosiolog Altaý Taýžanow ýaşlar bilen yzygiderli iş alyp barmalydygyny aýdýar.

— Häzirki döwrüň bilim ulgamynda ýetmezçilik köp. Hossarlar öz işleri bilen başagaý. Sport köçede gezip ýören her bir bozgagy düzedip bilmeýär. Munuň garşysyna, sport bilen türgenleşýänler öz güýji bilen başgalaryň üstünden agalyk edýärler. Şonuň üçinem ‘bizi sport seksiýalary halas eder’ diýýänler ýalňyşýarlar. Bu ugurda döwletiň maksatly ideologiýasy gerek – diýip, sosiolog belleýär.

Aktöbe oblastynyň bilim edarasynyň başlygynyň orunbasary Nurgül Bertleuowa mekdep kanunyna üýtgeşme girizilendigini aýtdy.

— Mekdep kanunyna täze punkt girizilip, onda «okuwçylara ýiti sowuk enjamlary, sanjylýan ujy ýiti ýa-da kesiji serişdeleri ýany bilen getirmek» gadagan edilýär. Oblastyň orta mekdeplerinde ene-atalar nobatçylyga çekilýärler, olara hukuk düzgünleri barada maglumat berilýär. Belli, tanymal adamlar bilen duşuşyklar guralyp durulýar. Jenaýatyň öňüni almakda, men şäher mekdepleriniň girelgesinde goýlan turniketleri aýdyp bilerin. Çagalary turniketden geçende, ene-atalar mobil telefonlarynda SMS alýarlar. Beýle turniketler häzir diňe şäher mekdeplerinde goýuldy – diýip, oblastyň bilim bölüminiň wekili aýdýar.

Aktöbe oblast polisiýa edarasynyň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda sebitde ýaşlar tarapyndan amala aşyrylan 131 düzgünbozmalar hasaba alnypdyr.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG