Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan gorag maskalarynyň eksportyny gadagan etdi


Gorag maskaly adamlar
Gorag maskaly adamlar

Gazagystan, koronawirus sebäpli goňşy Hytaýa satylmagy köpelensoň, gorag maskalarynyň eksportyny gadagan etdi.

Hytaý bilen aralykda 1,800-km uzynlygynda araçägi bolan Gazagystan ýurt içinde bu wirusyň ýokuşandygy tassyklanan adamyň bardygyny habar bermedi,emma onlarça adany barlag geçirmek üçin karantin astyna aldy.

"Biz käbir öndürijileriň we üpjün edijileriň etiki talaplar esasynda hereket etmändigini bellemek isleýäris. Olar özleriniň ähli önümini Hytaýa satdy” diýip, Saglygy saklaýyş ministrliginiň sözçüsi 6-njy fewralda aýtdy.

Hökümet hem, ýokarlanýan talabyň öňünde durmak üçin, maskalaryň importyny üpjün etmek tagallasyny edýär.

Bu wirus Hytaýda häzire çenli 563 adamy öldürdi, şeýle ol ýurtda 28 müňden gowrak adamyň bu wurusdan ejir çekýändigi tassyklandy.

Hytaýdan daşarda hem iki adam wirusdan öldi, olaryň biri Hoň-Koňda, beýlekisi Filippinlerde wepat boldy.

XS
SM
MD
LG