Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka rus nebitiniň togtadylmagyna nägilelik bildirdi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Russiýanyň Soçi şäherine geldi. Saparyň dowamynda rus nebitiniň tariffleri barada maslahat edilmegine garaşylýar diýip, BelTA gullugy habar berýär.

7-nji fewraldaky gepleşikler iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň aýgytlaýjy pursadyna gabat geldi.

Lukaşenka Moskwanyň Minske basyş edip, Belarusy Russiýa bilen garylyp-gatylmaga itekleýändigini aýdyp, şol bir wagtda munuň hiç haçan durmuşa geçmejekdigini söz berýär.

Bu aralykda, Waşington Minsk bilen has ýakyn gatnaşyklary gurmagy göz öňünde tutýar.

Saparyň öňüsyrasy Lukaşenka Russiýanyň geçen aý Belarusa söz beren nebitiniň diňe çärýegini ugradandygyny aýtdy.

“Bizi ynandyrypdylar. Russiýa hökümet derejesinde Belarusa şu ýyl 24 million tonna, her aý 2 million tonna ugratmagy söz beripdi. Ýanwarda 500 müň tonna ugradyldy” diýip, Lukaşenka 6-njy fewralda çykyş etdi.

Rus energiýasynyň Ýewropa barýan ýolundaky esasy tranzit ugry bolan Belarus Russiýa ýangyç we maliýe kömegi boýunça köp derejede garaşly bolup durýar. Russiýanyň Belarusyň üstündäki agalygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşmegine getirdi.

Moskwa we Minsk 1999-njy ýylda birleşdirilen döwlet döretmek şertnamasyna gol çekdi, emma bu meselede iki onýyllyk içinde uly bir öňegidişlik gazanylmady.

XS
SM
MD
LG