Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň çagalary. Putiniň hökümetini hem baýlygyny saklamaga kim kömek edýär?


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gyzy bolmagy mümkin diýlip çaklanylýan Katerina Tihonowa
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gyzy bolmagy mümkin diýlip çaklanylýan Katerina Tihonowa

Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi hem gündogar Ukrainada separatistleriň urşa başlamagy bilen Günbatar Moskwa garşy sanksiýa girizdi. Bu çäre prezident Putiniň ýakyn töwereginde bolan rus çinowniklerine hem biznes eýelerine belli derejede täsir ýetirdi. Olar öz häkimligini ýitiräýen ýagdaýynda, toplan baýlygyny gorar ýaly, aktiwlerini çagalaryna – Russiýanyň täze geljek çinowniklerine geçirýärler. Häzirlikçe bar iş imi-salalykda barýar, “Kremliň çagalary” ýuwaş-ýuwaşdan rus banklarynda, energetika kompaniýalarynda, hatda hökümetde ornaşýarlar. Polşanyň Halkara gatnaşyklary instituty bu temany öwrenmäge girişdi. Derňewiň awtorlary Günbatar hökümetlerini Orsýetiň «saýlantgy 2.0» toparyna has düýpli üns bermäge çagyryş edýär.

Institutyň analitikleri Agneşka Legutska hem Bartoş Belişukyň pikirine görä, «Kremliň çagalarynyň» düzümi rus hökümetindäki hem ykdysadyýetindäki iň möhüm sektor bolup, häzirki ýurdy dolandyrýanlar syýasy göreşden çekiläýende-de, Russiýada şindiki sosial syýasatyň hem syýasy status-kwonyň saklanjakdygynyň iň belli alamaty bolup durýar.

«Russiýa döwleti kleptokratiýa, ýagny güýç bilen hökümeti almak hem klan – öňden gelýän topar esasynda gurlan, onuň esasynda Wladimir Putiniň az sanly ýaranlary durýar, bularyň arasynda belli derejede garyndaşlyk gatnaşyklary-da bar. Bu guramaçylykly iýerarhiýa» diýlip, ol barlagyň gysga tekstinde (doly teksti iňlisçe, .pdf) aýdylýar.

Awtorlar mysal hökmünde Putiniň gyzy Ýekaterina bilen Kirill Şamalowyň nikasyny mysal getirýärler, Kirill Orsýetiň beýleki bir prezidenti Nikolaý Şamalowyň ogly. Barlaglar instituty Russiýanyň Oba hojalyk ministri Dmitriý Patruşewi-de mysal getirýärler (Dmitriý Orsýetiň Howpsuzlyk Geňeşiniň müdiriniň ogly), Russiýanyň FSB-niň başlygy hem-de prezidentiň orunbasary Aleksandr Bortnikowyň ogly Denis Bortnikow WTB bankynyň başlygy, Orsýetdäki Rostehiň başlygy Sergeý Çemezow garaşsyz barlaglaryň gelen netijesine görä, öz ogly Stanislawa Britaniýanyň Wirgin adalaryndaky ofşor aktiwiniň bir bölegini ulanmaga beripdir we başgalar.

«Kremliň çagalary» barlagyň dolurak mazmuny barada, onuň awtorlarynyň biri, Halkara gatnaşyklary institutynyň analitigi Agneşka Legutsaka bilen Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy gürrüňdeşik geçirdi.

Halkara gatnaşyklary institutynyň analitigi Agneşka Legutska.
Halkara gatnaşyklary institutynyň analitigi Agneşka Legutska.

Azatlyk Radiosy: Siziň barlagyňyzyň esasynda durýan «Kremliň çagalary» kimler? Ol düşünje kimleri nazarda tutýar?

Аgneşka Legutska: «Çagalary» diýip, şertli ýagdaýda aýtmak mümkin, olar 30-40 ýaşyndaky adamlar. Bizi Russiýadaky saýlantgy adamlaryň 2-nji nesli, häzirki Orsýeti dolandyrýanlar gyzyklandyrýar. Biz diňe bir aşa baý adamlaryň çagalaryny däl, eýsem ýokary wezipede oturanlaryň çagalarynyň hökümete ornaşmagyny hem öwrenýäris. Olar Patruşewiň, Seçiniň, Putiniň ogul-gyzlary. Ikinji nesliň öz hossarlarynyň mümkinçiliginden peýdalanyp, Russiýanyň içki syýasatynda hökümetde, biznes ulgamynda hem energetika pudagynda öz orunlaryny berkitmekleri, şeýle hem hossarlaryna Günbatardan ýol açmagy, hususan-da olara pullaryny daşara çykarmaga kömek bermekleri örän täsirli mesele. Ol nesliň Günbatarda okap bilim alandyklary, sanksiýa gadagançylygyndan sowlup geçmegi başarýandygy barada, biz maglumat alyp bildik.

Azatlyk Radiosy: «Kremliň çagalary» Russiýada esasan haýsy ugurlara öz täsirini ýetirýär?

Аgneşka Legutska: Meselem, energetika pudagynda hem bank ulgamynda. Käbir aýratyn ýagdaý hem bolýar, ine, Dmitriý Patruşew, ýagny Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň müdiri Nikolaý Patruşewiň ogly, ol «Kreml çagalarynyň» arasynda ilkinji bolup syýasata gitdi. 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri kiçi Patruşew oba hojalyk ministri. Ýöne bu kadadan çykma, sebäbi beýleki «Kreml çagalary» özlerini ýaşyryn alyp barýarlar, adaty adamlar olary tanamaýar.

Wladimir Putin hem Nikolaý Patruşewiň ogly Dmitriý, Kremlde. 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Wladimir Putin hem Nikolaý Patruşewiň ogly Dmitriý, Kremlde. 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

Azatlyk Radiosy:​ Siziň derňewiňizde başga-da kimler barada gürrüň gidýär?

Аgneşka Legutska: Meselem, Kseniýa Frank barada, ol Orsýetdäki aşa baý adamyň hem Wladimir Putiniň dosty bolan Gennadiý Timçenkonyň gyzy. Ol gyz kakasynyň «Transoýl» kompaniýasyndan wezipe aldy, şol wagtyň özünde-de ol formal ýagdaýda strategiki planlaşdyryşa jogap berýär. Aslynda kompaniýanyň alyp barýan ugruny onuň kakasynyň kesgitleýändigini biz bilýäris. Ikinji bir mysal ýokarda agzalan Nikolaý Patruşewiň kiçi ogly Andreý Patruşew, ol 2015-nji ýylda «Gazprom neftiň» şelf proýektleri boýunça baş direktorynyň orunbasary boldy. Bu ugurda başga-da mysallar az däl, meselem, «Gazprom bureniýe» kompaniýasynyň başlygy Arkadiý Rotenbergiň garşysyna sanksiýa girizilenden soň, ol ogly Igora kompaniýanyň bir bölegini satdy.

Igor Rotenberg.
Igor Rotenberg.

Azatlyk Radiosy: «Kreml çagalarynyň» arasynda iň syrly hem tanymaly Wladimir Putiniň gyzlary bolsa gerek, ol öz çagalary barada bir gezegem açyk zat aýtman gelýär. Olaryň nähili orny bar?

Аgneşka Legutska: Hawa. Olardan biri Ýekaterina Tihonowa, kiçi dogany Mariýa garanda, ol barada maglumat köp. Ýekaterina Wladimirowna «Innopraktikany» dolandyrýar, biznes, ylym hem hünärmenler mümkiçiligini özünde jemleýän Milli intellektuallaryň merkezi bolan ol ulgamda Putiniň dostlary Sergeý Çemezow, Nikolaý Tokarew, Igor Seçin, Boris Kowalçuk hem beýlekiler bar. «Innopraktikanyň» dolandyrylmagy, ýagny bilimli hünärmenleri taýýarlap, möhüm ugurlara gönükdirmegi üçin, ol kompaniýa Orsýetiň iň baý pudaklary pul geçirýärler, onlarça iň baý kompaniýa «Innopraktika» bilen işleşýär. Biziň pikirimizçe, aşa baý kompaniýalaryň bu ýere pul geçirmegi Putine onuň gyzynyň üsti bilen berilýän para bolsa gerek. Putiniň hut özüne pul berip bolmaz ahyryn, ýöne ony çagasyna berip bolar. Olar bu puly ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna, şol sanda Russiýanyň ylmy üçinem harçlap bilerler.

Beýleki bir geň mysal – Roman Putin, ol Igor Putiniň ogly, rus prezidentiniň hem ýegeni, munuň özi ýakyn garyndaşyňa wezipe bermegiň açyk mysaly. Roman Putiniň konsultasiýa – maslahat beriji kompaniýasy bar. Aýtmagyna görä, ol Orsýetiň bähbidi üçin, daşary ýurtly biznes eýeleri bilen işleşýär. Kompaniýanyň saýtynda şeýle diýilýär: «Biznesi ýola goýmak üçin Russiýa örän çylşyrymly ýurt, siziň işiňiz hökümetler tarapyndan basyşa duçar bolar, eger bize pul töleseňiz, siziň bar işiňiz gowy bolar». Beýleki bir mysal – Artýom Çaýka, ol öňki baş prokuror Ýuriý Çaýkanyň ogly; Artýom 2014-nji ýyldan bäri Kalugadaky Obuhow çäge käniniň eýesi. Ýöne ABŞ-yň maliýe ministrligi Artýom Çaýka garşy sanksiýa girizdi.

«Kremliň çagalary» – Polşanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň barlaglary esasynda döredilen illýustrasiýa. Sary çyzygyň içindäkiler Putiniň maşgala agzalary, ýaşyl çyzykdakylar dostlarynyň hem-de gök çyzykdakylar Orsýetiň döwlet gurluşynda işleýänleriň maşgala agzalary.
«Kremliň çagalary» – Polşanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň barlaglary esasynda döredilen illýustrasiýa. Sary çyzygyň içindäkiler Putiniň maşgala agzalary, ýaşyl çyzykdakylar dostlarynyň hem-de gök çyzykdakylar Orsýetiň döwlet gurluşynda işleýänleriň maşgala agzalary.

Azatlyk Radiosy: ​Siziň pikiriňizçe, täze nesil hökümete gelenden soň, hökümetiň içindäki özara gatnaşyklar hem-de hökümet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklar täzelenermi ýa-da bu ýerde doly suratda miras alyş-çalşygy bolarmy?

Аgneşka Legutska: Bu owal başda bize şeýleräk göründi, hawa, «Kreml çagalarynyň» aglabasy Günbatarda bilim aldylar ahyryn, olar häzirem Günbatarda ýygy-ýygy bolýarlar. Biz barlag geçirip başlanymyzda, olar Orsýetiň barýan ugruny üýtgederler, ýaş nesil ýöredilýän syýasata başgaça çemeleşer diýip pikir etdik, ýöne muňa degişi delili örän az tapdyk. Orsýete gaýdyp barýan ýaşlaryň köpüsi özleri üçin geljekde-de peýdaly boljak usuly işe girizýärler. «Kreml çagalarynyň» gurluşy üýtgetmek maksady ýok. Ýöne käte bir kadadan çykma bolup bilýär, meselem, Liza Peskowa – Putiniň metbugat-sekretary Dmitriý Peskowyň gyzy. Ol yzyna dolanmak islemeýär, oňa Parižde ýaşamak hem gowumyşyn. Ýöne golaýda Krymyň anneksiýa edilmegi barada Fransiýanyň jemgyýetçilik durmuşyndaky tolgunyşyklary görüp, öz Instagram'ynda, Günbataryň gurluşyny beýle halap barmaýandygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň saýlantgy toparlarynyň arasyndaky hökümeti bir nesilden beýleki nesle geçirmegiň baş maksady näme? Gazanan baýlygy gorap saklamakmy? Öz maşgalaň geljekde-de baýamagyna ýol açmakmy?

Аgneşka Legutska: Hawa, şeýle diýip bolar, «ogurlap gazananyňy» goramak; ýöne bu diňe bir maksat. Esasy zat – häzirki hem geljek nesliň howpsuzlygyny üpjün etmek. Biziň bilşimiz ýaly, Orsýetde eger sen hökümete golaý dursaň, her niçik ýagdaýda-da, saňa pul gelýär. «Kremliň çagalary» bolsa aktiwlerini daşary ýurtlarda saklaýarlar, eger Orsýetde işi oňman bulaşyklyga düşse, daşary ýurda gidäýmeli. Şonuň üçinem olaryň köpüsinde iki graždanlyk bar.

Azatlyk Radiosy: ​Siz umumylykda näme barada ýazýaňyz – hossarlaryň öz çagalaryna kömek berşi hakdamy? Bu eýsem islendik jemgyýet üçin häsiýetli dälmidir?

Аgneşka Legutska: Hawa, haçan-da hossarlary çagalaryna durmuşda orun almaga ýardam berse, ol kadaly, eger ol muny öz şahsy howpsuzlygy üçin etse, ol başga mesele. Günbatarda-da adamlar baýlygyny artdyrmaga çalyşýarlar hem ony öz çagalary bilen bölüşýärler, ýöne olar muny şahsy howpsuzlygynyň hatyrasyna etmeýärler. Meselem, Putin ýygnan pullarynyň ýitmeginden gorkmaýar, onuň üçin möhüm zat kadaly kanun düzgünleriniň ýok ýerinde, özüne hem töweregindäkilere howpsuzlyk üçin kepilligiň bolmagy.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG