Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda belli rus žurnaliste hüjüm edildi


Ýelena Milaşina Çeçenistandaky adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýlary barada derňew makalalaryny çap edip, meşhurlyk gazandy.
Ýelena Milaşina Çeçenistandaky adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýlary barada derňew makalalaryny çap edip, meşhurlyk gazandy.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Çeçenistanda belli derňewçi žurnalist Ýelena Milaşina we adam hukuklary aklawçysy Marina Dubrowina hüjüm edildi.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Nowaýa Gazeta” neşiriniň ýazmagyna görä, olar çeçen paýtagty Grozna belli blogger Islam Nukhanowyň üstünden geçýän sud diňlenişigine gatnaşmak üçin gelipdirler. 6-njy fewral güni giçlik žurnaliste we aklawça näbelli adamlaryň bir topary hüjüm etdi. Hüjümçileriň arasynda aýallar hem bardy. Olar Milaşinany we Dubrowinany ilki myhmanhananyň girelgesiniň öňünde we soňy bilen onuň içinde elleri we aýaklary bilen urdular.

Milaşina özüniň Facebook hasabynda hüjüm bilen balylykda polisiýa ýazan arzasynyň nusgasyny ýerleşdirdi.

Nukhanow Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň garyndaşlarynyň ýaşaýandygy aýdylýan Groznynyň aýratyn bir sebitini wideo düşürip, ony Internetde ýerleşdiripdi.

Nukhanowa bikanun ýarag daşamak aýyplamasy bildirilýär.

Ýelena Milaşina Çeçenistandaky adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýlary barada derňew makalalaryny çap edip, meşhurlyk gazandy.

Kadyrow onuň maglumatlaryny açyk ret etdi.

XS
SM
MD
LG