Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak obalarynda bolan çaknyşyklarda sekiz adam öldürildi, 40 adam ýaralandy


Masanci obasynda otlanan bina.
Masanci obasynda otlanan bina.

Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl regionyndaky obalarda ýerli ilatyň arasynda bolan çaknyşyklar netijesinde sekiz adam öldürildi, 40 adam ýaralandy diýip, içeri işler ministri Erlan Turghymbaýew 8-nji fewralda aýtdy.

AÝ/AR-nyň wideoasy Masançi obasyna barýan ýoluň boýunda galkan bilen enjamlaşdyrylan polisiýa işgärleriniň ýerleşdirilendigini görkezýär.

Turghymbaýew Nur-Soltanda guralan metbugat ýygnagynda 47 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Ol gozgalaň wagtynda 30 jaýa, 15 dükana, 20 awtoulaga zyýan ýetirilendigini hem sözüne goşdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew beýanat çap edip, polisiýanyň we milli gwardiýanyň ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.

Ol hökümetiň obalardaky asudalygy berjaý etmek üçin çäre görmegini buýurdy.

AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçylarynyň biri bu galmagala dahylly obalaryň birine, gozgalaň wagtynda köp dükanyň ýykylyp-ýumrulan we oda berlen Massançi obasyna baryp gördi.

Çaknyşyklar dungan azlyk toparynyň, hytaý asylly musulmanlaryň agzalarynyň köplük bolup ýaşaýan ýerinde boldy.

Çaknyşyklaryň näme esasynda turandygy anyk däl.

Tokaýew bolan wakany doly derňemegi we howpsuzlyk agentlikleriniň etniki ýigrenji, “öjükdiriji gep-gürrüňleri we galp maglumatlary” ýaýradýanlary jogapkärçilige çekmegini tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG