Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirus pidalary köpelýän Hytaýyň Kommunist partiýasy jemgyýetçilik gahar-gazabyna duçar bolýar


Li Wenliang
Li Wenliang

Hytaýyň dolandyryjy Kommunist partiýasy dekabrda, bu wirus ýaýramazyndan we global krizise öwrülmezinden öň jemgyýetçiligi täze koronowirusyň döremek ähtimallygyndan habardar etmäge çalşanda dowul truzmakda aýyplanan doktoryň ölümi sebäpli jemgyýetçilik gahar-gazabyna duçar boldy.

Şu aralykda, 8-nji fewral güni irden ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 722 adama bardy, 34,546 adama bolsa wirusyň ýokuşandygy tassyklandy.

Pekindäki ABŞ ilçihanasy 8-nji fewralda 60 ýaşyndaky amerikan raýatynyň, koronawirus diagnozy astynda, Wuhan şäherinde ýogalandygyny aýtdy.

Ýaponiýa hem özüniň 60 ýaşyndaky bir raýatynyň bu hassalygyň öýjügi hasaplanýan şäherde koronawirusdan ölendigini aýtdy.

“Roýters” habar gullugy resmi beýanatlara salgylanyp, Hytaýdan daşarda häzir koronawirus bilen dünýäniň 27 ýurdunda we regionynda 320 adamyň keselländigini aýtdy.

Hytaý hökümeti doktor Li Wenliangyň bejerilişi babatda internetde turan galmagaldan soň haýbatyny peseldip, “jemgyýetçilik tarapyndan gozgalan meseleleri doly derňemek üçin ýörite topar iberjekdigini” aýtdy.

34 ýaşyndaky doktor bu wirusdan kesellän näsagy bejerýän wagtynda wirus ýokuşyp, soňra heläk boldy.

Ol bu hassalygyň ojagy hasaplanylýan Wuhanda, hökümetiň etmedik işini edip, kärdeşlerine we beýlekilere täze döreýän wirus hakynda habar berjek bolan sekiz saglyk hünärmeniniň biridi.

Ol polisiýanyň özüni “galp maglumatlary ýaýratdym” diýip, beýanata gol çekmäge mejbur edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG