ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Senatda aklanandan soň, Wekiller öýüniň Tramp babatyndaky impiçment diňlenişiklerinde zeper ýetiriji görkezme beren ýokary derejeli resmileriň ikisi wezipelerinden çetleşdirildi.
Ukrainada doglan, ABŞ goşunynyň podpolkownigi,Tramp bilen ukrain prezidentiniň arasynda bolan gapma-garşylykly telefon gürrüňi hakynda görkezme beren Aleksander Windman (Vindman) 7-nji fewralda Milli howpsuzlyk geňeşiniň ozalky sowet respublikasy boýunça eksperti wezipesinden boşadyldy. Onuň aklawçysy munuň “ar alyş” bolandygyny aýtdy.
Şu aralykda Gordon Sondland, Trampyň inagurasiýa komitetiniň esasy donory beýanat çap edip, özüne Trampyň ony ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi wezipesinden yzyna çagyrmagy planlaşdyrýandygynyň duýdurylandygyny aýtdy.
Bu erkekleriň ikisi hem Wekiller öýüniň çakylygyna bardy we prezidentiň Ukraina bilen gatnaşyklarynda hiç bir nädogry iş etmändigi baradaky deliline zeper ýetirýän diýlip hasaplanan görkezme berdi.
Tramp bu görkezmelerden soň Windmana açyk hüjüm etdi we Sondlanddan arasyny açdy.
Tramp Senatda 5-nji fewralda geçirilen sudda aklandy, ses berişlikde ony doly ýazgaran demokratlara diňe bir respublikan goşuldy.