Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusdan ölenleriň sany SARS pidalarynyň sanyndan geçdi, wirus ýokuşmasy haýallaýar


Hytaý, maskaly adam
Hytaý, maskaly adam

Hytaýdaky koronawirusdan ölenleriň sany 800 adamdan geçdi, bu onuň pida möçberiniň 2002-03-nji ýyllarda ýaýran SARS epidemiýasynyň pidalaryndan geçendigini aňladýar.

Ýöne günüň dowamynda wirus ýokuşanlaryň sanynyň köpelmeginiň umumylykda haýallamagy epidemiýanyň möwjäp başlan wagtyndan bärdäki ilkinji umyt beriji alamat boldy.

Hytaýyň Milli saglyk komissiýasy 9-njy fewralda merkezi Hubeý welaýatynda 8-nji fewralda täze 89 ölümiň hasaba alnandygyny, munuň ýurt boýunça wirusdan ölenleriň sanyny jemi 811 adama ýetirendigini aýtdy.

SARS-dan, ýiti dem alyş hassalygyndan ölen adamlaryň sany 774 bolupdy.

SARS dünýä boýunça 8 müň adama ýokuşdy we 800 adamy öldürdi. Koronawirus hem şoňa meňzeş wiruslar maşgalasyna degişli.

Paýtagty Wuhan şäheri bolan Hubeý welaýatynda, epidemiýanyň merkezi hasaplanylýan sebitde wirus ýokuşan adamlaryň sany 1-nji fewraldan bäri ilkinji gezek ösmegini azaltdy.

Resmiler şol gün ýurt boýunça täze wirus ýokuşanlaryň 2,656 sanysynyň hasaba alnandygyny, olaryň 2,147 sanysynyň Hubeý sebitindedigini aýtdylar.

Miçigan uniwersitetiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň epidemologiýa professory Joseph Eisenbergiň “Roýters” habar gullugy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, maglumat beriş proseduralaryndaky nämälimlik, oba ýerlerindäki ýagdaýlaryň bilinmezligi sebäpli, epidemiýanyň ýaýramagynyň haýallaýandygy barada anyk bir zat aýdardan entek juda ir.

Hytaýyň Maliýe ministrligi 8-nji fewrala çenli bu kesele garşy göreş üçin hökümetiň ähli derejelerine 10 mlrd dollar çemesi serişde goýberilendigini aýtdy.

Goşmaça maliýe serişdeleri adamlaryň özlerini barlatmak we bejertmek we regional derejede koronawirusa garşy durmak mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin goýberildi diýip, ministrligiň “Roýters” tarapyndan sitirlenen beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG