Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Menden ‘sen namaz okaýaňmy’ diýip soradylar». Şinjiangda bolanyň başdan geçirmeleri


Gülzire Auelhankyzy.
Gülzire Auelhankyzy.

Asly gazak bolup, Hytaýda ýaşan Gülzire Auelhankyzy Azatlyk Radiosyna Şinjiangdaky «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerine» nädip düşendigini gürrüň berýär. Ol «lagerde» başdan geçiren agyr günlerini, fabrikdäki mejbury zähmeti hem ol ýerden çykyp, Gazagystana – maşgalasynyň arasyna dolanyp gelşini ýatlaýar.

Gülzira Auelhankyzy žurnalistler hem hukuk goraýjylar bilen geçirilýän interwýularyň ählisine bäş ýaşy gyzy Baýan hem adamsy Tursynžan bilen barýar. Ol aýal gyzyny mydama bagryna basýar hem ogşaýar, Hytaýyň «täzeden terbiýeleýiş lagerinde» bolan iki ýylynyň dowamynda çagasyna zar bolupdyr.

40 ýaşly Gülzire Auelhankyzy Hytaýdan bolan etniki gazak, olar 2014-nji ýylda Gazagystana gelipdirler. Gülzire Şinjiang awtonom okrugynyň Togyztarau Ili uýezdinde doglupdyr. Orta mekdepde okapdyr, işläpdir, durmuşa çykypdyr. Şinjiangda ownuk biznes bilen meşgullanypdyr, gazak milli nagyşlaryny salmagy öwrenipdir, az wagtlyk öz dükanyny hem açyp bilipdir, soňra ony satypdyr. Ýöne bütin ömrüne Gazagystana gitmegi arzuw edipdir, aýratyn-da, ata watanda bolup gelen ýerli gazaklaryň gürrüňlerinden soň ol taryhy ýurduny has beter küýsäpdir. Şonuň bilen birlikde ol Şinjiangyň hem ýüreginde aýratyn orun tutýandygyny, yzyny «gaty küýseýändigini» boýun alýar.

— Men Şinjiangy söýýän, ýöne men ol ýerdäki syýasata (milli azlykdakylaryň ezilmegi – Red.) garşy. Meniň ähli garyndaşlarym entegem ol ýerde otyrlar – diýip, Gülzire Auelhankyzy aýdýar.

MAŞYNDA ÝYGŞYRYLAN PASPORT

Ähli bulaşyklyk 2013-nji ýyldan başlanýar. Gülziräniň aýtmagyna görä, şol döwürde Şinjiangda ýerli gazaklaryň hem uýgurlaryň pasportlaryny elinden alyp başlapdyrlar.

— Biziň öýlerimize aýlanyp, kimde pasport bardygyny soraýardylar, eger kimiň pasporty bolsa, ony ýygnap alýardylar. Olar özlerini howpsuzlyk işgärleri ýa-da ýerli akim diýip tanadýardylar. Biz pasportlarymyzy maşynymyzda ýygşyrypdyk, adamym bolsa onuň bilen kireý edýärdi – diýip, Gülzire ýatlaýar.

Maşgala şeýle çärä gitmeli bolupdyr, olaryň gyzy Baýan şol wagt alty aýlyk eken, Gazagystana gitmek maksady bilen oňa pasport alýarlar. 2014-nji ýylda bu maşgala Gazagystana aşmak miýesser edipdir. Olar Gazagystanda ýaşamaga rugsat alypdyrlar, birneme soňrak Tursynžana Gazagystanyň graždanlygy berlipdir.

ÝENE ŞINJIANGA

Olar Gazagystana gelip, bütin durmuşy boş içerden başlamaly bolupdyrlar. Munuň üstesine Gülzire yzynda galan kakasy Auelhanyň keselländigini eşidipdir, ol bende öň hem maýyp eken. 2017-nji ýylda ol kakasyny görüp gaýtmak üçin, hytaý pasporty bilen Gazagystanda ýaşamaga rugsat berýän dokumentini alyp, yzyna – Şinjianga gidýär.

2017-nji ýylyň tomsunda Gülziräni serhetden geçen ýerinde, Hytaýyň gümrük gullukçylary saklaýarlar. Aýalyň elinden pasportyny alyp, bir ýerlere jaň edýärler. Ýary gije bolanda, ony bir näbelli ýere eltip, barmagyndan gan alýarlar, gözüniň görejini surata düşürýärler hem surata alýarlar, sesini diktofona ýazýarlar. Ertesi gün ony 15 günlük «täzeden terbiýeleýiş lagerine» iberýändiklerini aýdýarlar. 15 günlük «lager» 15 aýa çekýär. Ondan soňra-da birnäçe aýlabam mejbury zähmet fabriginde işlemeli bolýar.

— Meni «lagere» getirenlerinde, garawullar doly barlagdan geçirip, aýratyn egin-eşik berdiler. Soňra olar meniň ähli garyndaşlarymy atma-at ýazyp aldylar. Şol gün maňa «lagerde» 800 aýalyň bardygyny aýdyp, olaryň ählisi bilen salamlaşmagymy tabşyrdylar. Men şeýle hem etdim, başga etjek alajym ýokdy, hata ol ýere näme üçin salnandygyma-da düşünmeýärdim – diýip, Gülzire dymýar.

«LAGERDÄKI» DURMUŞ

— Eger oňa (lagere) daşyndan seretseň, terbiýeçilik mekdebi diýýärler. Içi welin durşuna gözenek – diýip, Gülzire düşündirýär.

Ol bir däl, birnäçe «lagerde» bolansoň, olaryň düzgünleriniň tapawutlydygyny aýdýar.

Şinjiangdaky «professional kämilligi ösdürmek merkezi» diýilýän jaýlaryň biri. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.
Şinjiangdaky «professional kämilligi ösdürmek merkezi» diýilýän jaýlaryň biri. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.

Ony birinji gün «lagerde» tüwi bilen naharlap, umumy ýatak jaýyna ugradypdyrlar. Ertesi güni oňa ir ertir turmalydygyny buýurýarlar. Düşegini ýygnanyndan soň, beýleki aýallar bilen birlikde ertirki ylgawa çykypdyr. Ylgap gelenlerinden soň olara ertirlik berlipdir.

— Naharlanmak üçin bize 5 minut wagt berildi. Şondan soň men okuw jaýyna girdim. Ol ýerde maňa özümi tanatmagy hem maşgalam barada gürrüň bermegimi, aýratyn-da Gazagystana gidip gelmegim barada aýtmagymy soradylar. Men bar zady gürrüň berdim. Menden ‘sen namaz okaýaňmy’ diýip soradylar hem Gazagystandan başga nirede bolanym bilen gyzyklandylar. ‘Türmede oturan garyndaşyň barmy’ diýen soragy berdiler – diýip, Gülzire Auelhankyzy aýdýar.

«Lagere» düşmeginiň resmi sebäbini oňa «daşary ýurda gitmegiň bilen bagly» diýseler-de, Gülziräniň özi muny etniki gazak bolany üçin diýip hasaplaýar. Lagerde hiç bir «erkinligiň ýokdugyny» aýdýar. Olara hatda hajathana gitmäge-de iki minut wagt berlipdir. Eger şol görkezilen wagta eýermeseň, «kelläňe tok bilen urýarlar». Şol sebäpden «köp aýallaryň aýagy çişipdir, ähli ýerden siýdik ysy gelýär, olaryň gözleri bolsa gyzyl» diýip, Gülzire ýatlaýar.

Gülzire hem beýleki etniki gazaklar, şol sanda uýgurlar daşary ýurt habar serişdelerine ol «lagerlerde» ynsan hukuklaryny depgileýän dürli kemsitmeleriň bolýandygyny aýdýarlar. Amerikan gazeti Washington Post geçen ýylyň oktýabr aýynda Şinjiangdaky «lagerde» etniki gazak gyzyň başdan geçirenleri barada makala çap edipdi. Gülzire hem beýlekiler «lagerde» aýal zorlamalaryň bolýandygyny aýdýarlar. Gülziräniň sözüne görä, onuň şol ýerde geçiren 15 aýynyň dowamynda, gijelerine ärinden aýrylyşan ýa durmuşa çykmadyk uýgur gyzlarynyň alnyp gidilýändigini birnäçe gezek görendigini aýdýar.

— «Gülzire, seniň nika şahadatnamaň barmy?» diýip soraýarlar. Men bardygyny aýdýan, şondan soň maňa degenoklar – diýip, ol ýatlaýar.

Saýragül Saýytbaý Şwesiýa geleninden soň, Ysraýylyň Haaretz onlaýn-gazetine interwýu berdi. Ol şol ýerde polisiýa gullukçylarynyň bir gyzy beýlekileriň gözüniň alnynda köpçülik bolup zorlandyklaryny gürrüň berýär.

— Ol biçäräni zorlap bolýançalar oňa seredip duranlaryň reaksiýasyny barladylar. Kim ondan gözüni sowan bolsa ýa gözüni ýumsa, kim gahar-gazapdan özüni ýitirse, soňra olary alyp gitdiler, biz gaýdyp olary görmedik. Şondan soň maňa gijelerine ýatmak kyn düşdi – diýip, Saýytbaý Haaretz gazetine aýtdy.

Gülzire «lagerdäki» durmuşyň agyrdygyny aýdýar, ýöne aýallarda ‘bizi basym goýbererler’ diýen umyt bar. Ol Gülzire babatynda şeýle hem bolupdyr, ýöne ony beýleki bir synag zonasyna iberipdirler.

2018-nji ýylyň oktýabrynda «lagerden» çykyp, Jiafang tikin fabrigine düşüpdir hem ol ýerde ellik tikmeli bolupdyr. Ol öň gazak nagyşlaryny gaýap bilse-de, ellik tikmek oňa kyn düşüpdir, çalt hem gowy hilli işläp bilmändir. Ol fabrikdäki işini «gulçulyk azaby» diýip atlandyrýar. Birnäçe aý işläni üçin oňa 50 dollar çemesi beripdirler.

Artuşdaky «täzeden terbiýeleniş lageriniň» çägine girilýän ýer. Şinjiang.
Artuşdaky «täzeden terbiýeleniş lageriniň» çägine girilýän ýer. Şinjiang.

Gülziräniň aýdýanlaryny garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl. Ýöne köp halkara habar serişdeleri Şinjiangdaky «lagerden» soňky başlanýan mejbury zähmet barada ýazdylar. Birnäçe Günbatar kompaniýalary olar bilen hyzmatdaşlyk etmek islemeýär. Meselem, Ýaponiýanyň Uniqlo kompaniýasy Şinjiangdan bolan işewürler bilen işleşmekden ýüz öwürdi.

GAZAGYSTANA DOLANMAK HEM DÜRLI HAÝBATLAR

Gülzire Auelhankyzy eger adamsy Tursynžan bolmasa, Gazagystana dolanmagyň başartmajagyny aýdýar. Hut şol adam Gazagystanda bolany üçin ýerli häkimiýetlere, halkara guramalaryna hem hukuk goraýjy guramalara aýalyny boşatmak barada ýardam berilmegini sorap, yzygiderli hat ýazypdyr.

Gülzire Gazagystana dolanmak üçin, öz hossarlaryny «girewe» goýupdyr. «Girew» diýildigi onuň ýarym ýyldan yzyna dolanmalydygyny aňladýar, eger gaýdyp barmasa, hossarlarynyň «lagere» düşmegi ýa öý tussaglygyna alynmagy mümkin.

Hytaýda özüne: ‘Gazagystanda biziň adamlarymyz bar, olar seni yzarlarlar, şonuň üçin hiç bir söz aýtmaly dälsiň’ diýip tabşyrylandygyny ýatlaýar.

Gülzire Auelhankyzy 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Gazagystana dolanýar. Onuň sözüne görä, «lagerde» bolan wagty saglygy ýaramazlaşypdyr. Aýratynam ‘dümewe garşy’ diýip, bir suwuklygy sanjym edenlerinden soň, onda huşsuzlyk emele gelipdir, köp zadyň adyny hem näme üçin gerekdigini ýadyndan çykaryp başlapdyr.

Gazagystana geleni bilen onuň bar meselesi çözülmändir. Gelenden bir aýdan soň, Gazagystanyň graždanlygyny sorap arza beripdir, ýöne oňa graždanlyk bermäge howlukmandyrlar. Maşgala maliýe kynçylygyna duçar bolupdyr, üstesine ony yzyna – Hytaýa ibermek howpy-da abanypdyr.

Gülziräniň telefonyna hat ýazyp, interwýu bermezligi hem «lager» barada geplemezligi buýrupdyrlar. Täze ýylyň öň ýanynda özüni Hytaýa deportasiýa etmek baradaky habary eşidensoň, adwokat tutmaly bolupdyr.

— Men Hytaýda bolan wagtymda, ‘sen bir bagty getiren, seniň Watanyň – Gazagystan bar’ diýdiler, gazaklary halas edýändigini aýtdylar. ‘Ine, uýgurlaryň garaşsyz ýurdy ýok’ diýdiler. Bu ýeri Gazagystan, ýöne diňe bir kiçijik «Атажурт» (Hytaýdaky gazaklaryň meseleleri bilen gyzyklanýan hukuk goraýjy gurama – Red.) guramasy maňa kömek edýär. Nätanyş adamlar bilen duşuşmak meniň üçin howly – diýip, Gülzire aýdýar.

Şol haýbat atmalardan soň, ýurist Liazat Žapaşewa Gülzire Auelhankyzynyň goragyny öz üstüne alýar. Häzirki wagtda L. Žapaşewa «Атажұрт еріктілері» jemgyýetçilik guramasynyň ýuristi hem-de ТОО «Zakon L.Company» edarasynyň direktory.

L. Žapaşewa Gülzire Auelhankyzynyň adyndan töwerekdäki gysyşlar barada migrasiýa polisiýasyna arza ýazypdyr. Aradan wagt geçensoň Žapaşewa Azatlyk Radiosyna 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Gülzire Auelhankyzyna Gazagystanyň graždanini diýen dokumentiň berlendigini aýtdy.

Şinjiangdaky etniki azlykdaky milletleri; esasan yslam dinine uýýan uýgurlar, gazaklar, tatarlar hem beýleki türki dilli milletlerden bolanlary hytaý hökümetleri 2017-nji ýylyň baharyndan bäri «syýasy taýdan täzeden terbiýeleş lagerlerine» salýarlar. 2018-nji ýylda BMG Şinjiangdaky lagerlerde bir milliona golaý musulmanyň saklanýan bolmagynyň mümkindigini mälim etdi. Hytaý owal başda beýle «lageriň» bardygyny ret etdi, soňra bolsa ol lageri «professional kämilligi ösdürmek merkezi» hökmünde häsiýetlendirip, munuň terrorizme hem ekstremizme garşy göreş üçin döredilendigini aýtdy. Günbatar döwletleri Hytaýyň Şinjiangdaky syýasatyny tankytlaýar, Pekin bolsa ol tankydy ret edýär.

Gazagystanyň hökümetleri Şinjiangdaky «täzeden terbiýeleş lagerleri» meselesinden gaça durmaga çalyşýar. Geçen ýylyň oktýabrynda prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Hytaýa saparyndan soňra, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi «syýasy taýdan täzeden terbiýelenýänleriň lagerinde» etniki gazaklaryň ýokdugyny aýtdy. German neşiri Deutsche Welle geçen dekabryň başlarynda prezident Tokaýew bilen geçirilen interwýuny çap edipdi. Şonda Tokaýew «Şinjiangdaky gazaklaryň ýanalyşy baradaky informasiýalar hakykata laýyk gelmeýär» diýdi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG