Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: "Gara bazardaky nyrhy näme üçin peseltmäge çalyşmaýarsyňyz?"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hormatly Arkadag!


Türkmenistanyň Türkmen howa ýollarynyň biletleri soňky 1 ýylyň içinde näme sebäpli beýle artdy? Türkiýa we Abu Dhabi, Dubai, taraplara gitjek adamlar näme üçin 5000 manata ýakyn ýagny 1$=3.50 manat döwlet kursyna seredemizde 1400 Amerikan dollaryndan hem beýik çykýar. Döwledimizde gara bazary ýoklugyna seretsek, resmi kursuňyza görä bary ýogy 3 -4 sagatlyk uçar biledini näme sebäpden 1400$ dan Türkmen Howa Ýollary satýar? Dünýäniň başga haýsy ösen ýurtlarynda, Amerikada, Ýewropada şeýle bahalar bar? Ýa biziň ekonomikamyz olardanam has ýokary bolansoň şu bahalardan satdyrýaňyz? Eger siz bu zatlardan habarsyz bolsaňyz , prezidentlik postunda näme üçin otyrsyňyz?

Ýa siziň özüňiz gytaklaýyn gara bazaryň kursuny boýun alýaňyzmy, şeýle gymmat satmaga mümkinçilik bermek bilen? Onda gara bazardaky nyrhy näme üçin peseltmäge çalyşmaýarsyňyz? Halky kösemek üçin getirildiňizmi siz?

Eger ýurt hakykatdanam Arkadagyň saýasynda gül açýan bolsa näme üçin käbir obalar da ölen adamlary jaýlamaga erkek adamlar ýok? Nirä gitdi bu giden adamlar? Siz samsykmy ýa biz adamlary samsyk ýerine goýýaňyzmy?

Näme üçin Türkmenistanda haýsy temany gozgasak soňy size daýanýar? Edaralardanam iň soňunda " Bilemzok, bizede buýruk şeýle, Aşgabatdan gelen buýruk,hol suratdakyň edýän zady" sizi görkezýäler??

Halka jogap beriň!!!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG