Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň edarasy: Owganystany täzeden gurmak müňlerçe adamyň ölümine sebäp boldy


Owgan keselhanasyndaky näsaglar we olaryň hossarlary.
Owgan keselhanasyndaky näsaglar we olaryň hossarlary.

Soňky 17 ýylyň dowamynda, 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki harbylar Owganystana girenden we “Talybany” agdarandan soňra, bu ýurtdaky täzeden gurmak we durnuklylaşdyrmak işlerinde 5 müň 135 adam öldi ýa-da ýaralandy diýip, ABŞ-nyň hökümetiniň gözegçi edarasy aýdýar.

Owganystany täzeden gurmak boýunça ABŞ-nyň Ýörite Baş Inspektorynyň, ýagny SIGAR edarasynyň 11-nji fewralda ýaýradan täze hasabatyna görä, ýurdy täzeden gurmak baradaky aglaba ABŞ-nyň liderligindäki proýektlerde 2 müň 214 adam öldi.

SIGAR edarasy olaryň 2002-2018-nji ýyllar aralygynda “Talyban” we beýleki söweşiji toparlar tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde heläk bolandygyny aýdýar.

Owganystanyň çäginde mekdepleri gurmakdan başlap, tä infrastruktura gurluşyklaryna çenli proýektlerde başga-da 2 müň 291 adam ýaralandy.

Edaranyň hasabatynda başga-da 1 müň 182 adamyň alnyp gaçylandygy ýa-da ýitirim bolandygy hem nygtalýar.

XS
SM
MD
LG